Döwrebap bilim özgertmeleri

5 Dekabr 2023
688

Her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen jemgyýetinde ýaş nesil, ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna, täze röwşe eýe boldy. Şonuň netijesinde hem bilim ulgamyny ösdürmegiň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly täze wezipeler ýüze çykdy. Jemgyýetiň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr.

Ýurdumyzda bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda täze binalaryň sany hem artdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmakda, şu günki ýaşlara döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişden şu güne çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek däbe öwrüldi.

Maral HOJAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 69-njy orta mekdebiň müdiri.