Terbiýeçilik ähmiýetli dabaralar

5 Dekabr 2023
656

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, innowasion tehnologiýalaryň netijesinde okatmagyň täze usullarynyň döremegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy.

Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdepde takyk we tehnologiýa ylymlary boýunça hepdeligiň çäklerinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen ýaşlar diňe öňe sary» atly mekdep okuwçylarynyň döredijilik sergisi geçirildi. Bu sergä Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginden myhmanlar gatnaşdylar. Sergide mekdep okuwçylarynyň döreden işleriniň birnäçesi görkezildi. Olardan 3DMAX, PHOTOSHOP programmalarynda okuwçylaryň eden işleriniň, robot tehnikasy boýunça döredilen işler, okuwçylaryň dürli dersler boýunça döreden taslama işleriniň, şeýle-de mekdep mugallymlary üçin gerek bolan elektron testleriň, elektron gollanmalaryň birnäçesiniň sergisi boldy.

Bagtygül HALMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň mugallymy.