Milli terbiýe mekdebi

5 Dekabr 2023
673

Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy kepillendirilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) bolsa bilimi kämilleşdirmegiň jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydygy, onuň Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär. Kanunda ýurdumyzyň bilim babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hem kesgitlenýär.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.