Bilim ulgamynyň binýady berkeýär

3 Dekabr 2023
652

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de ösüş­le­re bes­len­ýär. Jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de ylym-bi­lim esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Adam­zat dur­mu­şyn­da ga­za­ny­lan äh­li üs­tün­lik­ler we ýe­ňiş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler hem ylym-bi­li­miň, ösen aňy­ýe­tiň mi­we­le­ri­dir. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň türk­men nus­ga­sy tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne has ynam­ly go­şu­lyş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­si mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de mil­li bi­lim we ylym ul­ga­my özün­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri jem­le­ýär. Hut şo­nuň üçin ýur­du­myz­da, il­ki bi­len, ylym-bi­lim öň­de goý­lan mak­sa­da ýet­me­giň yg­ty­bar­ly ugur­la­ry hökmünde kes­git­len­di. Bu ba­bat­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan ös­dür­me­giň der­wa­ýys me­se­le­le­rin­den ugur alyn­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýaş­la­ry­my­zyň bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, dün­ýä yl­myn­da ga­za­ny­lan iň tä­ze, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­lim ul­ga­my­na giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­let ta­ra­pyn­dan bu ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi­ne her ýyl uly möç­ber­dä­ki se­riş­de­ler goý­be­ril­ýär.

Ýusup NURYÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.