"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryhy wakanyň joşguny

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň  guramagynda şäher häkimliginiň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmakda, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmekde bitirilýän beýik işler hakynda giňişleýin durlup geçildi. Gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolundan barýan Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny, alkyşlaryny aýtdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Serpaý» aýdym-saz folklor etnografiýa toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman

Köpöwüşginli halkara kinofestiwal

ýürekleri we sungatlary ýakynlaşdyrdy 14-15-nji oktýabrda Diýarymyzda ilkinji gezek guralan «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem Russiýadan, Fransiýadan, Türkiýeden gelen sungat ussatlaryny bir ýere jemläp, köp sanly kino muşdaklarynyň ünsüni özünde egledi. Köpöwüşginli çärelere beslenen sungat baýramçylygy ýatdan çykmajak täsirli wakalara baý boldy. Ondaky gözde galan görnüşleri, gulakda galan gürrüňleri okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Halypa

Biz onuň bilen deň-duşduk. Ýöne şonda-da onda özgelerden üýtgeşik, nähilidir bir tapawut duýulýardy. Ol şol wagtam biziň halypamyz ýalydy. Bu, göwnüme bolmasa, onuň sungata düýrmegi bilen berleninden bolsa gerek. Aradan ençeme ýyllar geçenden soň, bir zada has-da anyk göz ýetirýärsiň. Ol hem bolsa, ol durky bilen aktrisady. Gowy halypady. Döwründe beýle bir üns bermedigem bolsak, wagt muny gitdigiçe subut edip barýar. Halypa tutuş dünýäsi bilen şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna örklenipdi. Işe mydama ir gelerdi. Mydama hem bar ünsi-üşügi özüne berlen keşbi hakdady. Ony ilhalar keşbe öwrüp, tomaşaça ýetirip bilmek üçin jan ederdi. Tebigat oňa görkem, gözelligem eçilipdi. Keşbiniň owadan bolşy ýaly, ol ruhy taýdan hem örän baýdy. Zehinli bolansoň, özüne berlen keşbiň sözlerini bada-bat ýat tutardy. Diňe bir ýat tutmak däl, ony tebigy görnüşde özünden döredip, ynandyryjy ýerine ýetirmegi başarardy. Onuň tebigy tarapdan berlen uzyn saçy bardy. Milli zatlary gowy görerdi. «Mukamyň syry» kinosyndaky Karkaranyň keşbi köpleriň ýadynda bolsa gerek. Şonda onuň döreden eli bilezikli, keteni köýnekli, tüýs türkmen gelniniň keşbi belli bir derejede onuň özüni, sungatyny hem ýatladýar diýesiň gelýär. Edil Karkara ýaly, ol hem sungat diýip janserekdi. Ol bütin manyly ömrüni hem şonuň bilen ýaşady, şoňa bagyş etdi.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mekdep okuwçylarynyň içinde döredijilik bilen meşgullanýanlarynyň köpdügi bizi diýseň buýsandyrýar. Olaryň içinde goşgy döredýänleri-de, aýdym-saz bilen meşgullanýanlary-da, surat çekýänleri-de bar. Ine, bu suratda synlaýan oglanjygyňyz — Muhammetaly Kullaýew. Ol Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýar. Surat çekmeklige bolan höwesi ony Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebine getirdi. Muhammetaly okuwyndan daşary bu çagalar çeperçilik mekdebine gatnaýar we geljekde ussat suratkeş bolup ýetişmegi maksat edinýär. Ol häzir bu mekdebiň 2-nji synpynda okaýar. Zehinli jigimiz natýurmortlary, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň, gözel binalarynyň suratlaryny çekmegi halaýar. Her bir çekýän suratlarynda reňkleri sazlaşykly ulanyp, has-da kämilleşmäge çalyşýar. Mekdepde göreldeli okuwçylaryň biri bolan Muhammetaly jigimize sungat äleminde hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

Ata kesbi – ogla halal

Ata-babalarymyzyň aýdan bu jümlesi Resul ýaly jigilerimize mahsusdyr. Çünki Resul kiçiliginden ata kesbine eýerip, kakasynyň gapdalyndan aýrylman, agaçdan dürli sowgatlyklary ýasamagy öwrenýär. Ol kakasynyň her bir maslahatyny, öwreden işini üns bilen diňläp, synlap, onuň kömegi arkaly kämillik ýolunda öňe barýar. Hawa, ene-atasyna meňzäp, olaryň hünärini dowam etdirmek her çaganyň arzuwy bolsa gerek. Sebäbi maşgala hünärini dowam etdiriji çaga ene-atasynyň abraýynyň ýokarlanmagyna, olaryň ilat arasynda has-da tanalmagyna sebäp bolýar. Şeýle çagalaryň hatarynda Resul Wellanowy bellemek bolar. Ol Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda bilim-terbiýe alýar. Ol boş wagtlary kakasynyň — Nurmyrat Wellanowyň ussahanasynda işleýär. Neçjarlyga bolan höwes Resulda 3-nji synpda döreýär. Ol dagdan, sosna agaçlaryndan dürli sowgatlary ýasamakda öz ussatlygyny görkezýär. Guýmagursak zehinli jigimiz atyň heýkelini, dürli görnüşdäki tumarlary, sowgatlyk at nallaryny ýasaýar. Elbetde, üstünlik gazanmak, ussatlyga ýetmek üçin eden işiň şowsuz çykmagy hem ahmal. Ýöne şol pursatlarda hem Resul ruhdan düşmän, bar ünsüni işine berýär. Şeýle pursatlarda oňa kakasy Nurmyrat aga: «Birinjide bolmasa, ikinjide bolar, oglum!» diýip, oňa halypa maslahatyny berýär.

Sungat serpaýy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaşlarynyň, şol sanda sungata aşyk nesliň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Muny olaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna mynasyp sowgatly gelmekleri hem tassyklaýar. Şeýle ýaşlaryň arasynda Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň ýaş zehinleri hem bar. Olar şu ýylyň tomsunda goňşy döwletde döredijilik saparynda bolup, ukyp-başarnyklary bilen ýokary baha mynasyp boldular. Has takygy, 26 — 30-njy iýun aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Ýaş zehinler» atly çagalaryň halkara çeper döredijilik festiwaly geçirildi. Indi 3-nji gezek geçirilen festiwalyň çäginde çagalaryň arasynda aýdym-saz, tans sungaty boýunça halkara bäsleşik, ýaş suratkeşleriň halkara sergisi hem guraldy. Olara Türkmenistandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Owganystandan, Russiýadan we başga-da birnäçe döwletden zehinli çagalaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.

«Arkadagyň säheri» — nurana günleriň başlangyjy

Kinofestiwallar — sungat äleminde özüne iň ünsi çekýän dabaralaryň biri. Dünýäniň haýsy künjeginde geçirilse-de, bu dabaralar bilen tutuş Ýer ýüzi ýakyndan gyzyklanýar. Indi şeýle gyzyklanma bildirilýän merkezleriň sanawyna türki dünýäsiniň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheri hem goşuldy. Çünki 14-15-nji oktýabrda bu ajaýyp şäherde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi. Bu uly çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar.

Kim näme diýdi?

Burak ÖZÇIWIT,türkiýeli kinoaktýor: — Hemmelere salam! Bizi örän gowy garşyladyňyz, munuň üçin hemmelere hoşallyk bildirýäris. Bizi gowy görýändigiňizi bilýäris, biz hem şol hormata mynasyp bolmaga çalşarys. Mehmet beg eýýäm iki-üç ýyl bäri Türkmenistan barada süýjüdip-süýjüdip gürrüň berýärdi. «Ajaýyp ýer», «Ertekilerdäki Diýar» diýýärdi. Ine, ertekileriň Diýaryna gelip görmek bize-de miýesser etdi. Biz Aşgabada we Arkadag şäherine gelen dessimize söze sygmajak türkmen myhmansöýerligi bilen Oguz han atamyzdan gelýän mirasyň häli-häzirlerem dowam etdirilýändigine şaýat bolduk. Islendik ýerde Oguz han atamyzyň sekizburç möhüriniň şekilini görmek ajaýyp duýgy. Biz bu şekili Türkiýede-de saklap galmak üçin elimizden gelenini edýäris. Türkiýede surata düşürilýän köp bölümli filmlere jahanyň çar künjünde tomaşa edilýär. Biziň «Gurluş: Osman» filmimize hem Ýer ýüzünde uly gyzyklanma bar. Biz bu filmiň üsti bilen bilelikdäki gymmatlyklarymyzy dünýä görkezmäge çalyşýarys.

Kalplary joşduran sungat baýramçylygy

Gyzyl haly düşelen ýodadaky meşhur kino ýyldyzlary we olary joşgunly elçarpyşmalar bilen alkyşlaýan muşdaklaryň ýüzündäki şatlyk alamatlary, aýdym-sazyň pessaý owazy, dynuwsyz surata düşürýän fotokameralaryň yşyklary... Ýok, bu görnüşler «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasyndan ýa-da Halkara Kanna kinofestiwalyndan däl. Bular Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasyndan pursatlar. Geçen şenbe güni baýramçylyk ruhunda bezelen Aman Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäher döwlet drama teatry sebitde we dünýäde meşhurlyk gazanan aktýorlara gapylaryny giňden açdy. Russiýa, Azerbaýjana, Türkiýä, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Fransiýa wekilçilik edýän kino hünärmenleriniň, aktýorlardyr bilermenleriň arasynda dünýä belli filmlerde esasy keşpleri janlandyran ýyldyzlaryň hem bolmagy halkara kinofestiwalyň ähmiýetini artdyrdy.

Wena baly - gözelligiň sazlaşygy

Ýewropa hem-de Aziýa döwletleriniň arasynda meşhur bolan Wena baly biziň ýurdumyzda ilkinji gezek şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk toýy mynasybetli geçirildi. Türkmenistan bilen Awstriýa döwletiniň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrülen Wena balynyň soňky ýyllarda paýtagtymyzda guralmagy iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüsini berkitmäge giňden ýardam edýär. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji bal tansyna 1385-nji ýylda Karl VI-nyň bawariýaly Isabella bilen durmuş gurmagy mynasybetli tomaşa edilipdir. Ýewropa ýurtlarynyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän bal tansy soňra Fransiýanyň burgund meýdançasynda alnyp barlan dabaralarda geçirilýär. Bal tansy Awstriýada Wena möwsüminde, ýagny noýabr aýynda geçirilýän adaty çäre bolupdyr. Şonuň üçin hem onuň ady «Wena baly» diýlip atlandyrylypdyr.

Halypa kompozitora bagyşlandy

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda ýurdumyzyň tanymal kompozitory Daňatar Hydyrowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan «Döredijilik belentlikleri» atly kitap sergisi guraldy. Bu günki günde ady dostlukly ýurtlarda hem giňden belli, guýmagursak zehinli kompozitoryň ýubileýi mynasybetli guralan sergide onuň ömri we döredijiligi, milli aýdym-saz sungatymyza goşan goşandy barada gürrüň berýän kitaplar, monografiýalar, döreden eserleriniň notalar ýygyndylary, döwürleýin neşirler görkezilýär.

«Milli mirasymyzyň edebi hazynalary»

16-njy oktýabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kitap sergisi açyldy. Adyndan belli bolşy ýaly, sergide şygryýetiň şasy dana Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan türkmen we daşary ýurtly alymlaryň dürli ýyllarda ýazan uly göwrümli monografiýalary hem-de beýik söz ussadymyzyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda neşir edilen goşgular ýygyndylarynyň uly toplumy giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Sungata siňen türkmen alabaýy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy— edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy» atly sergi öz işine başlady. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna bagyşlan ajaýyp eserleriniň sergisi bilen utgaşýan baýramçylyk sergisinde many-mazmuny çeperçilik taýdan baýramçylygyň ruhuny özünde jemlän sergide lebaply suratkeşler A. Işangulyýewiň «Awçy», Ş.Saparowanyň «Türkmeniň guwanjy», Ý.Muhammedowanyň «Çopan goşunda», heýkeltaraş M.Atajanowyň «Ýaşlyk» ýaly nakgaş we heýkel eserlerine uly orun berilýär. Şeýle-de sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň Türkmen alabaýyna bagyşlap çeken suratlary görkezilýär.

Teatr we kino ussady

Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Suraý Myradowanyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli «Keşplerde ýaşaýan ynsan» atly kitap sergisi we gürrüňdeşlik guraldy. Kitaphananyň sungat bölümi tarapyndan guralan sergide halypa teatr we kino ussadynyň ömri we döredijiligi barada dürli ýyllarda neşir edilen kitaplar, onuň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar, döwürleýin neşirler görkezilýär. Kitaphana işgärleriniň Mary şäheriniň mekdep okuwçylary bilen geçiren gürrüňdeşliginde halypa artistiň teatr sahnasynda we kinofilmlerde janlandyran keşpleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Toý-dabaralar mekany sen, “Awaza”

Türkmenistan - ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Ýöne şeýle bir zamananyň bolýandygyna, şol eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen dörän Awazanyň ady hem bu gün dünýä syýahatçylygynyň merjeni, gözelligiň nyşany hökmünde, aýdylyşy ýaly, Ýer ýüzüniň ýedi yklymynda mälimdir. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň uzakmöhletleýin maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan Hazar deňziniň kenar ýakasynda dünýä derejesindäki şypahanalar toplumynyň döredilmegi ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady potensialyny durmuşa geçirmäge, şol sanda uly möçberde daşary ýurt maýa goýumlary ýurduň ykdysadyýetine çekmäge ýardam berýär. “Awaza” dynç alyş zolagynyň işläp başlamagy bilen awtomobil, dem

Kino baýramçylygy — halklary ýakynlaşdyrýan köpri

Türkmenistanyň innowasion şäherinde “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi Arkadag şäheri, 14-15-nji oktýabr (TDH). Şu günlerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy.

Kino baýramçylygy — halklary ýakynlaşdyrýan köpri

Türkmenistanyň innowasion şäherinde “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi Arkadag şäheri, 14-15-nji oktýabr (TDH). Şu günlerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy.

«Arkadagyň säheri» — sungatyň bahary

Arkadag şäheriniň Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow ýaly sungat ussatlarynyň atlary dakylan köçeleridir şaýollaryndan geçip, Sabyr Ataýewa köçesiniň 4-nji jaýyna ýeteniňde, şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylaryň şowhuny, bezemen meýdançanyň yşyklarynyň şuglasy göwün göteriji boldy. Bu ýerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ýerleşýär. Ady tutulan ussatlaryň şahsyýeti ebedileşdirilen şäherde — sungatyň şäherinde tylla güýz döredijilik baharyna ulaşdy. Sungat baharynda hemmeleriň gözi gyzyl ýodadady. Ondan ilki bolup kimler geçendir öýdýärsiňiz?! Şol pursatda sungatyna sarpa goýulýan döwürde tirsegine galan ussatlaryň at-owazasy ýüreklerimizde, hakydamyzda, göýä, şeýle janlandy: bu ýodadan, ilki bilen, Aman Gulmämmedow aýaly — Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Maral Gulmämmedowa bilen gol tutuşyp geçip gitdiler. Olaryň yzy bilen şu mukaddes toprakda önüp-ösüp, şu ýerleriň keremli suwuny içip kemala gelen, türkmen kinosynyň şöhratyny beýgelden Alty Garlyýew, Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Akmyrat Bäşimow, Durdy Saparow, Hommat Müllük, Suraý, Sona Myradowalar, Garaja Burunow, Bazar Amanow ýaly ägirtler tomaşaçylara gol bulap, gyzyl ýodany dolduryp geçdiler. Ol gün diňe biziň üçin däl, olar üçin hem uly baýramçylyk boldy. Türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýaty

«Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyna dünýä meşhur kino ýyldyzlary gatnaşdylar

14-nji oktýabrda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy uly şowhun bilen geçirildi. Bu medeni çäre Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, fotohabarçylar, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlar gatnaşdylar.