Kalplary joşduran sungat baýramçylygy

16 Oktýabr 2023
527

Gyzyl haly düşelen ýodadaky meşhur kino ýyldyzlary we olary joşgunly elçarpyşmalar bilen alkyşlaýan muşdaklaryň ýüzündäki şatlyk alamatlary, aýdym-sazyň pessaý owazy, dynuwsyz surata düşürýän fotokameralaryň yşyklary... Ýok, bu görnüşler «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasyndan ýa-da Halkara Kanna kinofestiwalyndan däl. Bular Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasyndan pursatlar.

Geçen şenbe güni baýramçylyk ruhunda bezelen Aman Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäher döwlet drama teatry sebitde we dünýäde meşhurlyk gazanan aktýorlara gapylaryny giňden açdy. Russiýa, Azerbaýjana, Türkiýä, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Fransiýa wekilçilik edýän kino hünärmenleriniň, aktýorlardyr bilermenleriň arasynda dünýä belli filmlerde esasy keşpleri janlandyran ýyldyzlaryň hem bolmagy halkara kinofestiwalyň ähmiýetini artdyrdy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar