Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

16 Oktýabr 2023
811

Mekdep okuwçylarynyň içinde döredijilik bilen meşgullanýanlarynyň köpdügi bizi diýseň buýsandyrýar. Olaryň içinde goşgy döredýänleri-de, aýdym-saz bilen meşgullanýanlary-da, surat çekýänleri-de bar. Ine, bu suratda synlaýan oglanjygyňyz — Muhammetaly Kullaýew. Ol Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýar. Surat çekmeklige bolan höwesi ony Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebine getirdi. Muhammetaly okuwyndan daşary bu çagalar çeperçilik mekdebine gatnaýar we geljekde ussat suratkeş bolup ýetişmegi maksat edinýär. Ol häzir bu mekdebiň 2-nji synpynda okaýar. Zehinli jigimiz natýurmortlary, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň, gözel binalarynyň suratlaryny çekmegi halaýar. Her bir çekýän suratlarynda reňkleri sazlaşykly ulanyp, has-da kämilleşmäge çalyşýar. Mekdepde göreldeli okuwçylaryň biri bolan Muhammetaly jigimize sungat äleminde hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

Beýleki habarlar