Sungat serpaýy

16 Oktýabr 2023
581

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaşlarynyň, şol sanda sungata aşyk nesliň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Muny olaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna mynasyp sowgatly gelmekleri hem tassyklaýar. Şeýle ýaşlaryň arasynda Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň ýaş zehinleri hem bar. Olar şu ýylyň tomsunda goňşy döwletde döredijilik saparynda bolup, ukyp-başarnyklary bilen ýokary baha mynasyp boldular.

Has takygy, 26 — 30-njy iýun aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Ýaş zehinler» atly çagalaryň halkara çeper döredijilik festiwaly geçirildi. Indi 3-nji gezek geçirilen festiwalyň çäginde çagalaryň arasynda aýdym-saz, tans sungaty boýunça halkara bäsleşik, ýaş suratkeşleriň halkara sergisi hem guraldy. Olara Türkmenistandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Owganystandan, Russiýadan we başga-da birnäçe döwletden zehinli çagalaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.

Aknabat AMANOWA,
Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.
Beýleki habarlar