Taryhy wakanyň joşguny

17 Oktýabr 2023
577

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň  guramagynda şäher häkimliginiň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmakda, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmekde bitirilýän beýik işler hakynda giňişleýin durlup geçildi. Gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolundan barýan Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny, alkyşlaryny aýtdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Serpaý» aýdym-saz folklor etnografiýa toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini, ata Watanymyzy, gözel paýtagtymyzy wasp edýän şirin owazly aýdymlar belentden ýaňlandy.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar