Ata kesbi – ogla halal

16 Oktýabr 2023
770

Ata-babalarymyzyň aýdan bu jümlesi Resul ýaly jigilerimize mahsusdyr. Çünki Resul kiçiliginden ata kesbine eýerip, kakasynyň gapdalyndan aýrylman, agaçdan dürli sowgatlyklary ýasamagy öwrenýär. Ol kakasynyň her bir maslahatyny, öwreden işini üns bilen diňläp, synlap, onuň kömegi arkaly kämillik ýolunda öňe barýar.

Hawa, ene-atasyna meňzäp, olaryň hünärini dowam etdirmek her çaganyň arzuwy bolsa gerek. Sebäbi maşgala hünärini dowam etdiriji çaga ene-atasynyň abraýynyň ýokarlanmagyna, olaryň ilat arasynda has-da tanalmagyna sebäp bolýar. Şeýle çagalaryň hatarynda Resul Wellanowy bellemek bolar. Ol Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda bilim-terbiýe alýar. Ol boş wagtlary kakasynyň — Nurmyrat Wellanowyň ussahanasynda işleýär. Neçjarlyga bolan höwes Resulda 3-nji synpda döreýär. Ol dagdan, sosna agaçlaryndan dürli sowgatlary ýasamakda öz ussatlygyny görkezýär. Guýmagursak zehinli jigimiz atyň heýkelini, dürli görnüşdäki tumarlary, sowgatlyk at nallaryny ýasaýar. Elbetde, üstünlik gazanmak, ussatlyga ýetmek üçin eden işiň şowsuz çykmagy hem ahmal. Ýöne şol pursatlarda hem Resul ruhdan düşmän, bar ünsüni işine berýär. Şeýle pursatlarda oňa kakasy Nurmyrat aga: «Birinjide bolmasa, ikinjide bolar, oglum!» diýip, oňa halypa maslahatyny berýär.

Sülgün ŞADYÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar