Kim näme diýdi?

16 Oktýabr 2023
650

Burak ÖZÇIWIT,
türkiýeli kinoaktýor:

— Hemmelere salam! Bizi örän gowy garşyladyňyz, munuň üçin hemmelere hoşallyk bildirýäris. Bizi gowy görýändigiňizi bilýäris, biz hem şol hormata mynasyp bolmaga çalşarys. Mehmet beg eýýäm iki-üç ýyl bäri Türkmenistan barada süýjüdip-süýjüdip gürrüň berýärdi. «Ajaýyp ýer», «Ertekilerdäki Diýar» diýýärdi. Ine, ertekileriň Diýaryna gelip görmek bize-de miýesser etdi. Biz Aşgabada we Arkadag şäherine gelen dessimize söze sygmajak türkmen myhmansöýerligi bilen Oguz han atamyzdan gelýän mirasyň häli-häzirlerem dowam etdirilýändigine şaýat bolduk. Islendik ýerde Oguz han atamyzyň sekizburç möhüriniň şekilini görmek ajaýyp duýgy. Biz bu şekili Türkiýede-de saklap galmak üçin elimizden gelenini edýäris. Türkiýede surata düşürilýän köp bölümli filmlere jahanyň çar künjünde tomaşa edilýär. Biziň «Gurluş: Osman» filmimize hem Ýer ýüzünde uly gyzyklanma bar. Biz bu filmiň üsti bilen bilelikdäki gymmatlyklarymyzy dünýä görkezmäge çalyşýarys.

Taýýarlan Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar