Toý-dabaralar mekany sen, “Awaza”

16 Oktýabr 2023
420

Türkmenistan - ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Ýöne şeýle bir zamananyň bolýandygyna, şol eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen dörän Awazanyň ady hem bu gün dünýä syýahatçylygynyň merjeni, gözelligiň nyşany hökmünde, aýdylyşy ýaly, Ýer ýüzüniň ýedi yklymynda mälimdir.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň uzakmöhletleýin maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan Hazar deňziniň kenar ýakasynda dünýä derejesindäki şypahanalar toplumynyň döredilmegi ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady potensialyny durmuşa geçirmäge, şol sanda uly möçberde daşary ýurt maýa goýumlary ýurduň ykdysadyýetine çekmäge ýardam berýär. “Awaza” dynç alyş zolagynyň işläp başlamagy bilen awtomobil, demirýol, howa we deňiz ulaglarynyň täze ugurlary ýola goýuldy. Dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryň müňlerçesi Türkmenistany görmäge gelýärler, Myhmanlardyr syýahatçylar türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri, täsin künjekleri bilen hem içgin tanyşýarlar. Ýyl-ýyldan bu halkara derejeli döwrebap deňiz kurortynyň infrastrukturasyny täze-täze desgalar doldurýar. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, kottež şäherçeleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda.

Beýleki habarlar