Halypa

17 Oktýabr 2023
605

Biz onuň bilen deň-duşduk. Ýöne şonda-da onda özgelerden üýtgeşik, nähilidir bir tapawut duýulýardy. Ol şol wagtam biziň halypamyz ýalydy. Bu, göwnüme bolmasa, onuň sungata düýrmegi bilen berleninden bolsa gerek. Aradan ençeme ýyllar geçenden soň, bir zada has-da anyk göz ýetirýärsiň. Ol hem bolsa, ol durky bilen aktrisady. Gowy halypady. Döwründe beýle bir üns bermedigem bolsak, wagt muny gitdigiçe subut edip barýar.

Halypa tutuş dünýäsi bilen şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna örklenipdi. Işe mydama ir gelerdi. Mydama hem bar ünsi-üşügi özüne berlen keşbi hakdady. Ony ilhalar keşbe öwrüp, tomaşaça ýetirip bilmek üçin jan ederdi. Tebigat oňa görkem, gözelligem eçilipdi. Keşbiniň owadan bolşy ýaly, ol ruhy taýdan hem örän baýdy. Zehinli bolansoň, özüne berlen keşbiň sözlerini bada-bat ýat tutardy. Diňe bir ýat tutmak däl, ony tebigy görnüşde özünden döredip, ynandyryjy ýerine ýetirmegi başarardy. Onuň tebigy tarapdan berlen uzyn saçy bardy. Milli zatlary gowy görerdi. «Mukamyň syry» kinosyndaky Karkaranyň keşbi köpleriň ýadynda bolsa gerek. Şonda onuň döreden eli bilezikli, keteni köýnekli, tüýs türkmen gelniniň keşbi belli bir derejede onuň özüni, sungatyny hem ýatladýar diýesiň gelýär. Edil Karkara ýaly, ol hem sungat diýip janserekdi. Ol bütin manyly ömrüni hem şonuň bilen ýaşady, şoňa bagyş etdi.

Orazgül APBASOWA,
Türkmenistanyň halk artisti.
Beýleki habarlar