«Arkadagyň säheri» — sungatyň bahary

16 Oktýabr 2023
642

Arkadag şäheriniň Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow ýaly sungat ussatlarynyň atlary dakylan köçeleridir şaýollaryndan geçip, Sabyr Ataýewa köçesiniň 4-nji jaýyna ýeteniňde, şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylaryň şowhuny, bezemen meýdançanyň yşyklarynyň şuglasy göwün göteriji boldy. Bu ýerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ýerleşýär. Ady tutulan ussatlaryň şahsyýeti ebedileşdirilen şäherde — sungatyň şäherinde tylla güýz döredijilik baharyna ulaşdy.

Sungat baharynda hemmeleriň gözi gyzyl ýodadady. Ondan ilki bolup kimler geçendir öýdýärsiňiz?! Şol pursatda sungatyna sarpa goýulýan döwürde tirsegine galan ussatlaryň at-owazasy ýüreklerimizde, hakydamyzda, göýä, şeýle janlandy: bu ýodadan, ilki bilen, Aman Gulmämmedow aýaly — Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Maral Gulmämmedowa bilen gol tutuşyp geçip gitdiler. Olaryň yzy bilen şu mukaddes toprakda önüp-ösüp, şu ýerleriň keremli suwuny içip kemala gelen, türkmen kinosynyň şöhratyny beýgelden Alty Garlyýew, Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Akmyrat Bäşimow, Durdy Saparow, Hommat Müllük, Suraý, Sona Myradowalar, Garaja Burunow, Bazar Amanow ýaly ägirtler tomaşaçylara gol bulap, gyzyl ýodany dolduryp geçdiler. Ol gün diňe biziň üçin däl, olar üçin hem uly baýramçylyk boldy. Türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly döwrümizde türkmen kino sungatynyň bahary «Arkadagyň säherinde» Gün bolup parlady.

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar