"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek, gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Eşretli ýaşaýşyň höziri

Öňňin gözel paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, 54 öýli we 9 sany 9 gatly, 36 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap seýilgähiň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda halkymyzyň rowaçlygynyň möhüm ugry hökmünde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Biz hem jaý toýlaryny toýlaýan ildeşlerimiz bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Georgiý GURTÖWEZOW,«Türkmensuwylymtaslama» institutynyň Gidrotehnika we suw ulanyş barlaghanasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty:

Taryhyň ýaňy şu ýerden ýaýylar

Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim. Watanyň beýikligi, mukaddesligi hakyky mazmunynda açylanda, öňde goýlan maksat durmuşa geçýär. * * *

Gahryman Serdarym, aslyň bar seniň!

Toý-baýramly günler bizi baş baýramymyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Geçilen menzile nazar salýaň, ösüşlere guwanýaň, özgerişlere buýsanýaň, ýeňişlere begenýäň. Hemmesini birin-birin ýazasyň, buşlasyň gelýär, waspyny giň jahana ýaýaýyn diýýäň. Bir hakykat has-da göwnüňe joşgun berýär: ähli üstünlikleriň sakasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de parasatly Pederiniň beýik ýoluny dowamat-dowam eýleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Beýik Ogullaryň akylyndan-aňyndan, pähiminden-paýhasyndan, nurly sahawatyndan Diýar gülleýär, döwür galkynýar, halk ýaýnaýar, erkana, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşaýar.

Döwletliniň ugran işi oň görner

Agzybir halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, röwşen geljege ynamly barýar Şu günler biz agzybir halk, jebis millet hökmünde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň belent ruhunda ýaşaýarys. Garaşsyz ösüşiň pelle-pelle geçilen menzillerine, taryhy tapgyrlaryna ser salýarys. Milli döwletlilik, döwlet Baştutany, halkyň we Watanyň ykbalynyň bitewüligi barada çynlakaý oýlara berilýäris. Garaşsyz ösüşiň şindiki tapgyrynda döwletiň keşigini öz üstüne alan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda asylly ýoluň mynasyp dowam etdirilýändigi, baý tejribelere daýanyp, täze gözýetimleriň açylýandygy bolsa bizi has-da buýsandyrýar.

MAGTYMGULY PYRAGY

TÜRKMEN BINASY Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.

Gül Diýar toý ruhunda

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlary, «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäheri şu günler uly toýlaryň ruhy joşgunyna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy, şeýle-de ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk görlüp, zähmet üstünlikleri gazanylýar. Düýn bolsa Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabada geldiler. Olar türkmeniň myhmansöýerlik däbine eýerilip, duz-çörek, aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşylandy.

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Ýüreklerde alkyş, kalplarda buýsanç Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler Garaşsyz Watanymyza, beýik döwrümize buýsanjymyzy artdyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, täze taryhy döwürde ähli ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamynda-da tutumly işler durmuşa geçirilýär. Diňe şu şanly ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, Diýarymyzyň sebitlerinde döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň birnäçesi açyldy. Şatlykly günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde gurlan 1 müň 200 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň toý ruhunda açylyp, ýaş nesillere, bilim işgärlerine sowgat edilmegi hem ýatdan çykmajak ýakymly waka öwrüldi. Bu gün täze mekdepde bilim alýan çagalaryň, zähmet çekýän mugallymlaryň şatlygyny görüp, göwnüň göterilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz dürli ugurlarda ýola goýlan we özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. ***

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä we «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä we «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň adyndan bu çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Oba hojalygy: döwrebap tejribeler. giň mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak boýunça utgaşykly, ylmy esasly döwlet syýasaty halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň hem-de howpsuzlygynyň kepilidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýetilýän sepgitleri mübärekläp: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk pudagynyň işini halkara derejede ösdürmek, ony dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşdyrmak, türkmen daýhanlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçireris. Oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri dowam etdirmek bilen, tohumçylyk işini döwrüň talabyna görä kämilleşdireris» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylygyny ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işler kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan azyk bolçulygyny üpjün etmekde belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyz diňe bir azyk

Ykdysady üstünlikleriň we ösüşleriň şöhlelenmesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň üç günlük sergisinde ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, ýeten belent sepgitleri giňden şöhlelendirilýär. Bu iri gözden geçirilişe ykdysadyýetiň pudaklaryna degişli döwletiň garamagyndaky edara-kärhanalar, hususy düzümler bilen birlikde, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Biz sergä gatnaşyjylaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Lebap welaýaty: göwünleri galkyndyrýan sepgitler

Baş baýramymyz ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem uly dabaralar, zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar. Jeýhunyň goşa kenarynda ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlykly geldiler. Soňky ýyllarda welaýatda amala aşyrylan işler göwnüňi galkyndyrýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler häzirki wagtda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Şu ýylyň göwünlerde aýdyma öwrülen şygary lebaply zähmetkeşleriň ylham çeşmesine öwrüldi. Döwre ýaraşyk binalar