"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arzuwlaryň hasyl bolýan mekanynda

Täze ýyl baýramynyň giň gerimli dabaralara beslenýän günlerinde, 28-nji dekabrda paýtagtymyzyň mümkinçiligi çäkli we durmuş goraglylygyna mätäç ýaşaýjylarynyň 30-dan gowragyna «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda gurlan, ähli amatlyklar döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlary gowşuryldy. Şu mynasybetli geçirilen dabara Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýdan paýly bolan paýtagtlylar gatnaşdylar. Ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, mätäje kömek etmek ýaly asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gysga we uzak möhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak we durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak wezipelerine aýratyn orun berilýär. Täze jaý toýlary hem bu hakykatyň aýdyň mysaly boldy.

Dostluk owazlary — kalplara ylham

Öňňin, 28-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli türkiýeli estrada ýyldyzy Gülşen Baýraktaryň konserti guraldy. Ol 23 — 28-nji dekabr aralygynda daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda geçirilen konsert maksatnamalarynyň jemleýjisi boldy. Biz şowhunly aýdymlary bilen, esasan-da, ýaşlaryň arasynda giňden tanalýan zehinli aýdymçynyň döredijiligi, türkmenistanly diňleýjilerine sowgat getiren aýdymlary hakyndaky täsirli gürrüňlerini hem-de Täze ýyl gutlaglaryny ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. — Türkmenistana ikinji gezek gelşim. Bu ýerde özümi Watanymda ýaly duýýaryn. Türkmen doganlarymyzyň arasynda bolup, olaryň baýramçylyk şatlygyny deň paýlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygymyň çägi ýok. Aşgabat şäherine her gezek gelenimde, onuň gözelligine täzeden aşyk bolýaryn. Şäheriň özboluşly sungat eserine çalym edýän ajaýyp keşbi halkyň abadan durmuşy ugrunda edilýän tagallalary hem aýdyň görkezýär.

«Ak ýoluň» baýramçylyk berekedi

Durky täzelenip, golaýda dabaraly ýagdaýda açylan «Ak ýol» bazary öňden hereket edýän ak bazarlaryň üstüni ýetirip, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Şu günlerde bu bazarda hem baýramçylyk söwdasy barha gyzyşýar. Umumy meýdany 11 müň inedördül metre barabar bolan döwrebap bazar 280-den gowrak dükany, sowadyjy ammarlary, tikinçilik önümhanalaryny, gözellik salonlarydyr dellekhanany, şeýle-de ugurdaş desgalaryň birnäçesini öz içine alýar. Täze ýyl öwüşginine beslenen döwrebap bazaryň owadan keşbi göreniň ünsüni özüne çekýär. Iki gatly mermer binalarda ýerleşýän dükanlaryň deňinden biparh geçmek mümkin däl. Çünki olaryň hersi özboluşly bezegi, harytlarynyň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Täze ýyl arçalary, bezegleri we sowgatlary satylýan dükanlar bada-bat gözüňe ilýär. Bazaryň uly ýola bakyp duran 8-nji dükany köp adamly. Ol ýerde Täze ýyl sowgatlarynyň ullakan sandyklardyr sebetlerdäki, owadan gaplardyr haltajyklardaky görnüşleri bar. Bazaryň iç ýüzünde ýerleşýän «Sowgatlar dükany» bolsa ertekiler dünýäsini ýada salýar. Dükanyň tekjelerini bezeýän, Aýazbabadyr Garpamygyň, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleri çekilen gaplardaky Täze ýyl sowgatlaryna çagalar has-da höwesli. Täze ýyl arçalarynyň bezegi bolan älemgoşar öwüşginli zerler, dürli jäjekler, oýnawaçlar, çyrajyklar dükanyň içine has-da

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dürli görnüşli matalar we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 828 müň dollaryndan gowrak boldy.

«Akylly» şäheriň döwrebap söwda merkezinde

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramçylygyna giňden taýýarlyk görmek, onuň bellenilýän günlerinde bazarlary dürli harytlar, azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatdaky tabşyryklaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde hem söwda nokatlarynyň işi göwnejaý guraldy. Hususan-da, şu günler şäheriň «Gökdere» söwda merkezinde baýramçylyk söwdasy gyzgalaňly dowam edýär. Baýramçylyk bezegleri bu ýere gelýänleriň şatlygyny has-da artdyrýar. — Täze ýylyň barha golaýlaşýan şu günlerinde şäheriň ýaşaýjylary baýramçylyga uludan taýýarlyk görýärler. Müşderiler üçin Täze ýyl sowgatlyklarynyň dürli görnüşlerini taýýarladyk. «Akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň söwda merkezimiziň hyzmatyndan hoşal bolmaklary bizi örän begendirýär. Şeýle döwrebap şertlerde işlemek, halkymyza netijeli hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys — diýip, «Gökdere» söwda merkeziniň «Kuwwat» marketiniň hünärmeni aýdýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Täze ýyl. Täze şäher. Täze jaý

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde bagtyýar maşgalalaryň birnäçesi döwrebap öýleriň açaryny alyp, jaý toýlaryny tutdular. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabara ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky her bir gününiň şatlykly wakalara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Munuň özi ýurdumyzyň hem halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlaryň giň, ýagty öýlerine göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny guwanç bilen nygtadylar.

Türkmen diplomatlaryna baýramçylyk sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günleri Özbegistanda işleýän türkmen diplomatlary üçin ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Düýn Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan diplomatik gullugyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş-durmuş we iş şertleriniň döredilýändigini aýdyň görkezmek bilen, buýsanjyňa buýsanç goşýar. Täze jaýyň açylyş dabarasyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Daşkentde işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden iki ýurduň resmi wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň pugta syýasy erki esasynda amala aşyrylýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledile

Ýylyň ady — döwre şan

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna buýsançnama «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryny baýdak edinen bereketli ýylymyz ahyrlap barýar. Täze ýyly joşgun bilen garşylaýarys. Ilki bilen, ony mynasyp atlandyrýarys. Bu biziň asylly däbimiz.

Pyragynyň italýan dilindäki diwany —

Aşgabatdan Rime ylham köprüsi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine goşan uly goşandy bu günki gün giňden ykrar edilýär. Dana Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan eserleri köp dillerde terjime edilip, türkmen şygryýetiniň abraýyny belende göterýär. Şol terjimeler daşary ýurtly okyjylar üçin türkmen halkynyň beýik oglunyň şygyrlarynyň many-mazmunyna, filosofik garaýyşlaryna düşünmegiň açary bolup hyzmat edýär. Doglan gününiň üç asyrlyk senesiniň bellenilýän ýylynda söz ussadynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde-de neşir edildi. Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara hem Magtymgulynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny tanyşdyrmaga bagyşlandy.

Taryha ýazylan wakalar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda belent ruha, beýik işlere beslenen 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde geçilen menzillere ser salyp, ýetilen sepgitler barada buýsanyp söhbet edýäris. Şunda 11-nji sentýabrda bolup geçen şanly wakalar hem aýratyn bellenilmäge, gaýta-gaýta nygtalmaga mynasypdyr. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdan sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäklerinde, türkmen-owgan serhedinde bolup geçen taryhy wakalar göwünlere ganat eçilen, ýüreklerde röwşen geljege mizemez ynam, umyt döreden tutumly işler hökmünde ebedi ýatda galdy. Diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, tutuş sebitiň, umumadamzadyň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirjek iri taslamalaryň gurluşygyna badalga berilmegi, möhüm desgalaryň ulanyşa girizilmegi bilen baglylykda geçirilen çärelere gatnaşyp, il-ýurt bähbitli taryhy wakalara dahylly bolmak bagty bize-de nesip etdi. Biz munuň üçin özümizi juda bagtyýar saýyp, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýollary bilen Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýän, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.

Ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny pugtalandyryp

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde duran uly wezipelere ünsi çekmek bilen, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi hem şolaryň hatarynda belläpdi. Bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde degişli işler dowam etdirilýär. Milli ylmy-tehniki ösüşiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça bäsdeşlige ukyply, ykdysady taýdan netijeli ylmy-barlag, taslama işleri alnyp barylýar we ylmy taýdan esaslandyrylan işläp düzmeler önümçilige ornaşdyrylýar. Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde we ylymda pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedralary döredildi. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda sanly bilim u

Biri-birinden zyýada ýyllar

Halk senenamasy boýunça ýylan ýyly ýetip gelýär. Taryhçy alymlaryň tassyklamaklaryna görä, ýylanyň keşbi örän köp zatlarda — gündelik ulanylýan gap-gaçlarda, möhürlerde we köşk bezeglerinde hem şöhlelenipdir. Gadymy Änew metjidiniň girelgesiniň ýokarsynda, gök reňk bilen syrçalanan ýuka kerpijiň ýüzünde iki sany ýylan görnüşli aždarha şekillendirilipdir. Edil şeýle keşpleri öňki döwürlerde tanymal serkerdeleriň göteren baýdaklarynda hem görmek bolýar. Gündogar halklarynda ýylan pähim-parasadyň, sabyrlylygyň, baýlygyň, mertligiň we eserdeňligiň nyşany hasaplanypdyr.

«Nygmat bardyr näçe diýseň...»

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem ýetip gelýän Täze ýylyň baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Welaýatyň köpugurly we beýleki bazarlarynda, söwda merkezlerinde hem welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine, hususy pudaga degişli dükanlarda ir ertirden giç agşama çenli gyzgalaňly baýramçylyk söwdasy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döredilen bazar bolçulygy ildeşlerimize baýramçylyk saçaklaryny giňden ýazyp, olaryň üstüni naz-nygmatdan, gök-bakja, datly miweler hem-de dürli görnüşli azyk önümleridir senagat harytlary bilen gelşikli edip bezemäge giň mümkinçilik berýär. Ilata hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň hut öz ýurdumyzda öndürilip, olaryň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli bolmagy baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar. Daýhanlarymyzdyr telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen oba hojalyk önümleri, banandyr beýleki miweler özüniň terligi, tagamlylygy bilen tapawutlansa, sebetlerde we owadan gaplarda ýerleşdirilen senagat harytlary köp görnüşliligi we amatly bahasy bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

«Türk­me­nis­tan he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar»

Ar­sen ŞA­HUNS,rus­si­ýa­ly aý­dym­çy: — Men Ma­ry şä­he­rin­de do­gul­dym. Şo­nuň üçin bu gün men öz Wa­ta­nym­da. Bu ýer­dä­ki äh­li zat me­niň üçin eziz. Duz ne­si­bäm çe­kip, öz­ge ýurt­la­ra git­sem-de, Türk­me­nis­tan we türk­men hal­ky he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar. Me­niň aý­dym­la­ry­myň kö­pü­si hut şu söý­gü­den dö­re­di. Dö­re­di­ji­li­giň nä­me­di­gi­ni, go­wy eser­le­ri dö­ret­mek üçin nä­hi­li yh­las et­me­li­di­gi­ni Türk­me­nis­tan­da sun­gat mek­de­bin­de oka­ýan dö­wür­le­rim öw­ren­dim. 6 ýa­şym­da­kam özüm­den 10 ýaş uly do­ga­nym Alek­sandr sun­gat mek­de­bin­de okap, klar­net saz gu­ra­lyn­da saz çal­ar­dy. Bir gü­nem ol dos­ty bi­len öýe ge­le­n­de, ma­ňa for­te­pia­no saz gu­ra­lyn­da bir­ki sa­ny no­ta­nyň çal­ny­şy­ny gör­kez­di. Do­ga­nym bi­len bi­le­lik­de saz çal­dyk. Şeý­le pur­sat­la­ryň yzy­gi­der­li gaý­ta­lan­ma­gy me­ni aý­dym-sa­za im­rin­dir­di. Soň­ra me­nem sun­gat mek­de­bi­ne oku­wa gir­dim. Şeý­le­lik­de, do­ga­nym me­ni bu ja­dy­laý­jy sun­ga­ta ug­ruk­dyr­dy. Soň­ra onuň bi­len bi­le­lik­de bir­nä­çe aý­dym dö­ret­dik. Şu gün­ki kon­sert­de şol aý­dym­la­ryň türk­me­nis­tan­ly diň­leý­ji­le­ri­mi­ziň he­ni­zem ýa­dyn­da­dy­gy­na şa­ýat bol­duk.

Dag şi­ri ala­ja­gap­laň

Ýy­lyň çar pas­lyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­za se­ýil-sy­ýa­ha­ta çyk­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň sa­ny art­ma­sa, eg­sil­me­ýär. Ola­ryň ara­syn­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­mek döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­my­zyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ra­ýat­lar bi­len suw çeş­me­le­ri­ni, te­bi­gy ýer­le­ri aras­sa sak­la­ma­gyň we gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras goý­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da yzy­gi­der­li gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­ýär, so­wal-jo­gap al­şyl­ýar. Şun­da ola­ry has köp gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ryň bi­ri-de dag­lar­da ýa­şa­ýan ýa­ba­ny haý­wan­lar, esa­san-da, ala­ja­gap­laň­lar bi­len bag­ly­dyr. Ala­ja­gap­laň — düý­bün­den ýi­tip bar­ýan gör­nüş, ol Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na, şeý­le hem Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň Gy­zyl sa­na­wy­na, Ýa­ba­ny haý­wan­lar we ösüm­lik­ler dün­ýä­si­niň ýok bol­mak how­py as­tyn­da­ky gör­nüş­le­ri­niň hal­ka­ra söw­da­sy ha­kyn­da­ky kon­wen­si­ýa­nyň (CITES) sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir. Ala­ja­gap­la­ňyň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne amat­syz tä­sir­le­riň ýet­me­gi bi­len, ola­ryň dün­ýä ýü­zün­de sa­ny­nyň azal­ma­gy se­bäp­li, hal­ka­ra de­re­je­de düýp­li yl­my-bar­lag we go­rag iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu jan­da­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ni we ola­ryň sa­ny­ny di­kelt­mek bo­ýun­ça ýur­du­myz­d

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýurdumyzyň şöhratyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgusyndan ugur alnyp, ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy

Ýaşaýşa ýaraşyk berýän tutumlar

Gurmak, döretmek, guran hem döreden mukaddesliklerine buýsanyp ýaşamak halkymyza mahsus häsiýetlerdir. Zähmetsöýer halkymyz bu gün öz parasatly döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri hem daşary syýasatyna tüýs ýürekden uýmak bilen, Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň bähbidine nusgalyk işleri amala aşyrmagy başarýar. Bu buýsançly hakykata «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak syýasatynda Balkan welaýatyna aýratyn orun degişlidir. Diňe tamamlanyp barýan ýylda sebitde öndürilen 20 milliard manatlyga barabar senagat önümleriniň deň ýaryndan gowragy, bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen 10 milliardlyga barabar işiň 90 göterimden gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Welaýatda elektrik energiýasyny öndürmekde, uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemekde, oba hojalyk önümlerini taýýarlamakda-da guwandyryjy netijeler gazanyldy. Geçen galla oragy möwsüminde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze