"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Maýýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine bu ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Azerbaijan Airlines” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy

Mary welaýaty, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda zerur işler amala aşyrylýar.

Arassa agyz suwy bilen üpjünçilik — abadan durmuşyň möhüm şerti

Düýn, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Seýitnazar Seýdi geňeşliginiň çäginde agyz suwuny arassalaýjy kuwwatly, döwrebap desganyň açylyp ulanmaga berilmegi welaýatyň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Desgany Mary welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda «Baky çynar» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurdular. Açylyş dabarasyna köp sanly raýatlar gatnaşdylar. Desganyň giň howlusy baýramçylyk bezeglerine beslendi. Dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi.

Pyragynyň şygyrlary Konfusiniň dilinde

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy kitabyň halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmäge ýol açýan bahasyz gymmatlykdygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, döwletimiziň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, žurnalistler gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň 40-dan gowrak diline terjime edildi. Hytaý Halk Respublikasynda çapdan çykan täze kitap bolsa şahyryň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki üçünji neşiridir. Geçen aýyň hut şu günlerinde Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahatyň geçirilendigini gazetimizde habar beripdik. Paýtagtymyzda bu günki guralan çäre-de şolaryň üstüni ýetirip, türkmen-hytaý dostlugynyň kitaply gatnaşyklar arkaly has-da berkeýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Kitabyň terjime edilmegine gönüden-göni dahylly bolan wekiller hem tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara «Asman astyndaky ýurtdan» öz wideoýüzlenmelerini ýolladylar. B

Bilelikdäki filmiň Daşkentdäki görkezilişi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem tamamlanyp barýar. Bu ýylda beýik türkmen şahyrynyň at-owazasy, sözüň doly manysynda, dünýä ýaň saldy. Onuň hormatyna Zeminiň çar künjeginde dürli mazmunly çäreler ýaýbaňlandyryldy. «Magtymguly — biziňem şahyrymyz!» diýýän özbek doganlarymyz bolsa görnükli akyldaryň ýubileýini öz ýurdunda has uludan dabaralandyrdylar. Şu ýylyň fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigi hemmämize mälimdir. Şol Kararda özbek we türkmen kinematograflary tarapyndan şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan filmi surata düşürmek hem möhüm wezipeleriň biri hökmünde bellenildi. Şunlukda, bilelikdäki tagallalar esasynda «Magtymguly Pyragy» atly çeper film döredilip, ol paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň çäginde ilkinji gezek görkezildi. Golaýda bolsa Özbegistanyň Milli kino köşgünde bu film özbek kinosöýüjileriniň dykgatyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, şanly ýylyň dowamynda türkmen kinematograflary Türkiýede, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda bolup, Magtymgula bagyşlanan filmler tapgyryny taýýarladylar. Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, O

Türkmen topragyndan — daşarky bazarlara

Bagtyýar halkymyz täze — 2025-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Şunda tamamlanyp barýan ýylda açylan täze kärhanalarda ýola goýlan netijeli önümçilikleriň hem mynasyp paýy bar. Oktýabr aýynda Türkmenabat şäheriniň eteginde açylyp ulanmaga berlen, buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň işini-de muňa mysal görkezmek bolar. Indi iki aýdan gowrak wagt bäri ýurdumyzda bu gymmatly önümiň ilkinji tonnalary öndürilýär. Kärhana şäheriň ikinji senagat zolagyndaky iň iri toplumlaryň biri bolup, onuň binalary deňesinden geçip barýan her bir ýolagçynyň ünsüni özünde egleýär. Kärhananyň altyn pula durýan önümlerine bolsa Merkezi Aziýanyň, tutuş yklymyň ünsi-islegi uly. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, glisirrizin turşusy goşulan derman serişdeleri adam bedenini howply wiruslardan goramakda peýdalanylýar. Häzirki wagtda bu gymmatly önüm bütin dünýäniň derman senagatynda giňden ulanylýar. Şoňa görä, bu önüme isleg hem diýseň ýokary. Glisirrizin turşusynyň kosmetologiýada, azyk senagatynda hem ulanylýan ýerleri seýrek däl. Şeýle gymmatly önümiň çig maly bolan buýan köki Jeýhunyň kenarynda näçe diýseň bar. Ýeri gelende aýtsak, müň kilometrden gowrak aralygy ýurdumyzyň çäginden akyp geçýän Amyderýanyň kenar ýakalaryndan buýan köküni ýygnamak işleri indi asyrdan agdyk wagt bäri alnyp barylýar.

Türk estradasynyň meşhur ýyldyzy Aşgabatda

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda türkiýeli tanymal aýdymçy we aktýor Murat Boz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Biz hem 11 ýyllyk arakesmeden soň ýurdumyza ikinji gezek gelen meşhur ýyldyzyň Aşgabat we onuň gözelligi, hoşniýetli adamlaryň özünde galdyran täsirleri hakynda beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. — Ilki bilen, medeniýete, sungata şeýle uly sarpa goýýan adamlaryň, aýdym-saz muşdaklarynyň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş etmäge giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdara çäksiz sagbolsun aýdýaryn. Türkmen halkynyň Milli Liderini, hormatly Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ähli türkmen halkyny Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Haryt bol — alyjylar hoşal

Täze ýyly mynasyp garşy alýan günlerimizde ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, zerur harytlar bilen üpjün etmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda Daşoguz welaýatynda hem degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň özüne mahsus aýratynlygyny şöhlelendirýän köpugurly söwda bazarlary şu günler ilatyň has-da gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Daşoguz şäheriniň merkezi daýhan bazarynda, «Nygmat», «Bahar» bazarlarynda binagärligiň milli däplerine hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan, zerur enjamlar bilen üpjün edilen dükanlar baýramçylyk saçagyna bezeg berýän dürli görnüşli azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň bolçulygy bilen göwnüňi göterýär. Ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň ýokarlanmagy netijesinde, adamlaryň islegleri hem artýar, şonuň bilen deň derejede söwda ulgamy, hyzmat ediş toplumy hil hem mukdar taýdan ösýär, döwrebaplaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat merkezinde ýerleşýän «Rysgal» toplumynda hem köp dürli azyk önümleriniň, Täze ýyl sowgatlyk harytlarynyň söwdasy giňden ýaýbaňlandyryldy.

Tomaşaçylara şatlykly pursatlar garaşýar

Täze ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamak ruhubelent halkymyzyň asylly däpleriniň biridir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň medeni ojaklary hem bagtyýar watandaşlarymyz üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarlady. Baýramçylyk günlerinde teatrlaryň hem sirkleriň myhmanlary boljak watandaşlarymyzy Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk, şeýle hem Japbaklar, Ýartygulak, Akpamyk, akylly Ahmet, Mämmetjan ýaly halk ertekileriniň, milli senenamanyň müçe ýyllarynyň gahrymanlary garşylarlar. Olar bilen surata düşmek çagalar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Zehinlije çagalar Aýazbabadan süýjülik toý paýlaryny alarlar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde Täze ýyla bagyşlanan sahna oýunlarydyr baýramçylyk tomaşalary dekabryň 28-inden 31-ine çenli her gün sagat 19:00-da başlanar.

Dost-doganlyk köprülerini berkidip

Türkmenistanyň dürli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Bitaraplyk syýasatyna möhüm orun degişlidir. Bu syýasat döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda medeni diplomatiýa uly orun berlip, ol yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen köp sanly halkara çäreler medeni dialogyň has-da işjeňleşmegine getirdi. Ýeri gelende bellesek, «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda hem dürli görnüşdäki baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de ol türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýetara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň eýýäm ikinji gezek «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi olaryň gadymy taryhyna we baý milli medeniýetine ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň ünsüni çekmäge, özgertmeler ýolunda häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrm

Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň netijesinde Watanymyz saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. 16-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginine, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine garaldy. Oba hojalyk möwsümindäki işleriň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň alnyp barlyşyna, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça we beýleki ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda dowam edýän gurluşyk işlerinde ýokary hil talaplarynyň berjaý edilmegine d

Merkezi Aziýa: agzybirlik, abadançylyk, rowaçlyk

Birnäçe gün mundan ozal Diýarymyzda ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzyň tutuş dünýäde, ilkinji nobatda, ýaşaýan sebitimiziň döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygy, Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, abadançylygyň giňişligi bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi barada gürrüň etmek aýratyn ýakymly, çünki munda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň öňe sürýän gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara üns çekildi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Golaýda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama hem kabul edilipdi. Bu üstünlikler Milletler bileleşigi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Ahal welaýaty, 24-nji dekabr (TDH). Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Suw hojalygynda işleri ilerledip

Düýn Ahal welaýatynyň çäginde häzirki zaman desgalarynyň birbada ikisiniň — Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň, şeýle-de Tejen etrabynda suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi şatlykly dabaralara beslendi. Habarçymyz täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdi.  

Täze ýyla — täze ýaşaýyş toplumynda

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günler ýurdumyzda şanly wakalara, toý şatlygyna beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça beýik başlangyçlary esasynda uly işler, ösüşler bilen täze belentlikleri nazarlaýan Daşoguz welaýatynda hem tamamlanyp barýan ýylyň bu günleri ajaýyp wakalar bilen nurlanýar. Ozal habar berlişi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol welaýatda giň gerimde alnyp barlan iň uly gurluşyklaryň biridir. Ilatyň döredijilikli zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap toplumda 1496 hojalyga niýetlenen jemi 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy, saglykdyr söwda merkezleri, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi bina edildi. Umumy meýdany 71 gektara barabar bolan täze toplumdaky ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşykçylary, 38 sanysynyň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň işçileri alyp bardy. Şol gün bu gözel künjekde şatlykly wakalaryň ýene-de biri bolup geçdi. Täze toplumyň gabadynda «KamAZ» okuw-hyzmat merkeziniň ajaýyp binasy ulanmaga berildi

Milli buýsanjyň çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, ýiti zehininden kemal tapan eserleri biziň her birimiziň durmuş şamçyragymyzdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny we nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde hem gymmatly hazynadyr. Ine, mähriban Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda peşgeş beren täze — «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň şöhratly taryhyna hem-de edebi mirasyna belent buýsançdan dörän kämil eserdir. Kitap «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýen iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda taryhyň dürli eýýamlarynda dünýä ýaň salan beýik türkmen döwletleri bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz barada söhbet edilýär. «Ruhy miras» babynda bolsa halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden bäri dowam edip gelýän milli ruhy ýörelgelerimiziň çuň filosofiýasy beýan edilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Üstünlige beslediler Bäherden tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemek ugrundaky tagallalary ýerine düşdi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň agzalan öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň geçen on bir aýynda alnyp barlan önümçilik işleriniň görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Has anyk aýtsak, gürrüňi edilýän kärhanada şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 15 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 108 göterim ösüş üpjün edildi. Şeýlelikde, kärhanada önüm öndürmek boýunça ýyllyk meýilnama 125 göterim ýerine ýetirildi.