Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüş aýratynlyklary
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar we uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär.Ýurdumyzyň bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň esasynda bank kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär, hereket edýän banklaryň we olaryň şahamçalarynyň sany artdyrylýar, müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar, fiziki we ýuridiki şahslara berilýän karzlaryň, galyberse-de kiçi we orta telekeçilik üçin berilýän karzlaryň möçberi artdyrylýar. Şeýle-de, bank ulgamynyň iň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan karz edaralarynyň täze binalary gurlup ulanmaga berilýär.Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamyna dünýä innowasiýalaryny ornaşdyrmak, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilim derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak ugrunda köp işler amala aşyrylýar. Şonuň esasynda häzirki wagtda bank ulgamynyň hünärmenleri üçin daşary ýurtlaryň abraýly banklarynyň we maliýe edaralarynyň te