«EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi öz işine başlady

4 Oktýabr 2021
1090

1-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde «EXPO 2020 Dubaý» iri halkara sergisi öz işine başlady. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti, şol sanda Türkmenistan gatnaşýar. Halkara sergisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dürli önümleri we maýa goýum taslamalary görkezilýär.

«EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi 1-nji oktýabrda açylyp, 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder we dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ykdysady gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýerli tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalary, harytlary we hyzmatlary daşarky bazarlara çykarmaklygy üpjün eder.

Muham AMANDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.