Goturdepe we Burun ýataklarynda gözleg işleri geçiriler

27 Sentýabr 2021
1107

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň buýurmasy boýunça «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy (Singapur) Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynda gözleg-barlag işleriniň toplumyny ýerine ýetirer.

Seýsmiki barlaglar Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde, meýdany 250 inedördül kilometr bolan çäkde 3D usul bilen, şeýle hem Burun ýatagynyň günortasynda, 245 inedördül kilometr meýdanda 2D usul bilen ýerine ýetiriler. Munuň üçin maliýe serişdelerini «Türkmennebit» döwlet konserni goýberer.

Selbi TIMUROWA,
«Nebit-gaz».