Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

3 Oktýabr 2021
1124

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 28-isi hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan, Ukrainadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, A-95 kysymly ulag benzinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de «Ýigit» hojalyk jemgyýetinde öndürilen pomidory hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million 218 müň 150 dollaryndan gowrak boldy.