Baş maksat — milli ykdysadyýetimizi ösdürmek

1 Oktýabr 2021
1336

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uludan toýlanan şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen umumyhalk maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, onda milli ykdysadyýetimizi geljekde hem ösdürmegiň ugurlary we öňde duran wezipeler anyk kesgitlenildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi uludan bellendi. Iň täze taryhymyz bolan geçen 30 ýyllyk döwürde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Bu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris» diýip, aýratyn nygtady. Degişli ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetine 200 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak möçberde iri maýa goýumlar goýuldy. Olaryň 60 göterimden hem köpüsi bolsa senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

Bagtygül ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.