Pudagyň tehniki kuwwaty artýar

1 Oktýabr 2021
1285

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen ýylynda Lebap welaýatynda dabaraly açylan täze elektrik stansiýasy hem ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurlup, ulanylmaga berildi. «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bu iri energetika desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda girişdi. Ynha, üç ýyla golaý wagtdan soň ýurdumyzyň gündogar sebitinde tutuş Merkezi Aziýa derejesinde alanyňda hem iň iri gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň biri guruldy.

Çärjew etrabynda ulanylmaga berlen täze gaz turbinaly elektrik stansiýasy güwänamalaryň üçüsine — Merkezi Aziýada ilkinji bolup «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gaz turbinalaryň ulanylandygy baradaky sylag şahadatnamasyna, «Max-Planck» instituty tarapyndan «Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik» güwänamasyna hem-de Şweýsariýanyň Federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýasydygy baradaky güwänamasyna mynasyp boldy. Resminamalar degişli guramalaryň wekilleri tarapyndan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýolbaşçysyna gowşuryldy. Şeýlelikde Türkmenistan sebitde ilkinji ädimleriň ýene-de birini ätdi.

Oguljahan Goçjyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.