«Kenardaky» döwrebap işler

4 Oktýabr 2021
941

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dünýäniň iň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar. Bu ýere turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowuşýan nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzinleri, awiasiýa we tehniki kerosinler, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary, başga-da ençeme nebit we nebithimiýa önümleri taýýar harytlyk görnüşine getirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen dokuz aýynda topluma gelip gowşan çig nebitiň ählisi diýen ýaly gaýtadan işlenildi. Kärhanada taýýarlanylýan önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemekde gazanylýan oňyn netijelerde toplumyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti hasam uludyr. Geçen hasabat döwründe «Kenar» kärhanasyndan müşderilere ugradylan nebit önümleriniň umumy möçberi üç million tonna barabar boldy. Şonça taýýar harytlyk önümleriň deň ýaryna golaýy dünýä bazarlaryna, galan möçberi bolsa içerki bazarlara ugradyldy. Bu ýerden taýýar nebit önümleri ýüklenen gämilerdir otlular deňiz we polat ýollar arkaly dünýäniň Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan, Ukraina ýaly döwletlerine tarap ýola düşýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz». Surata düşüren Andreý PAKULOW.