Yk­dy­sa­dy ösüş has ýo­ka­ry bo­lar

8 Oktýabr 2021
961

Bü­tin­dün­ýä ban­ky Ýew­ro­pa we Mer­ke­zi Azi­ýa (ECA) se­bi­ti ba­ra­da tä­ze mag­lu­mat­na­ma taý­ýar­la­dy. Mag­lu­mat­da se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2021-nji ýyl­da 5,5 gö­te­rim bol­jak­dy­gy çak­la­ny­lýar. Mun­dan ozal bu gör­ke­zi­ji­niň 3,9 göterim bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar­dy. Gel­jek ýyl­da se­bi­tiň 3,4 gö­te­rim ösüş ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Mag­lu­mat­da pan­de­mi­ýa­nyň kär­ha­na­la­ra ýe­tir­ýän tä­si­ri ba­ra­da­ky çak­la­ma­lar hem ag­zal­dy. Se­bi­tiň ön­dü­ri­ji­lik­li kär­ha­na­la­ry­nyň on­laýn plat­for­ma­da­ky we uzak ara­lyk­dan iş­le­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dy­ryp, eme­le ge­len ýag­da­ýa go­wy uý­gun­la­şan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem mag­lu­mat­da Ýew­ro­pa we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň kö­pü­si­niň tä­ze kom­pa­ni­ýa­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ni aň­sat­laş­dyr­mak, ma­li­ýe pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­na karz­la­ry ber­mek müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ýa­ly bäs­deş­li­gi art­dyr­ýan düz­gün­le­ri ýo­la go­ýup bil­jek­di­gi bel­le­nil­di.

Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti 6 gö­te­ri­me go­laý öser
Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­nyň baş­ly­gy Kris­ta­li­na Ge­or­gi­ýe­wa Ita­li­ýa­nyň Bok­ko­ni uni­wer­si­te­ti­niň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­rilen mas­la­hat­da eden çy­ky­şyn­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 6 gö­te­ri­me go­laý ösjekdigini bel­le­di. Ge­or­gi­ýe­wa de­ňag­ram­ly glo­bal di­ke­li­şiň öňün­dä­ki tö­wek­gel­çi­lik­le­riň we päs­gel­çi­lik­le­riň aý­dyň­la­şyp baş­lan­dy­gy­ny aý­dyp, ösen ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň 2022-nji ýyl­da pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky ýag­da­ýa gel­jek­di­gi­ni aýt­dy.