«Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» (Tegelek stoluň başynda)

4 Oktýabr 2021
1010

Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek we gaz senagatynyň ylmyny geljekde-de ösdürmek babatda amala aşyrylýan işler barada «tegelek stoluň» başynda maslahat geçirildi. Onuň barşynda institutyň ylmy işgärleri we alymlary, ýaş hünärmenler bu babatda garaýyşlaryny aýdyp, özara pikir alyşdylar.

Biz gazetimiziň şu sanynda onuň beýanyny çap edýäris.