"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gatnaşyklaryň möhüm ugurlary

Öňňin Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistandaky we ÝB-däki makroykdysady ýagdaýlar aýratyn gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag ulgamlarynda we söwdada hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemek duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Şu maksat bilen taraplar tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar. * * *

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Taryhy özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli manadymyzyň hümmetiniň bellenilen derejelerde saklanmagy döwletimiziň ösüşlerine gönüden-göni täsir edýär. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny aňlatmak bilen, ol ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini gazanmak, onuň goraglylygyny üpjün etmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy geçirilip, milli puluň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bu bolsa onuň hümmetiniň artmagyna getirdi. Denominasiýa diýlende, ykdysadyýet ylmynda — bahalaryň ýagdaýynyň üýtgemegine we köne pul belgileriniň täze görnüşlerine çalşyrylmagy arkaly milli walýutany berkitmek üçin görülýän çärelere düşünilýär.

Sanly tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde, berkarar Diýarymyz sanlyja ýylyň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. Şunda ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini has-da giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bank edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenýän dürli görnüşli töleg kartlarynyň sany, hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan hödürlenen döwrebap hyzmatlaryň biri hem amatly we bähbitli «Cash-back» bank hyzmatydyr. «Cash-back» bank hyzmaty — bu halkara tejribesinde soňky wagtlarda uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda kartyň eýesine eden her bir söwda ýa-da hyzmat ulgamlarynda harçlan pulunyň möçberine baglylykda, bellenilen göterimde yzyna töleg geçirilýär.

Energetika ulgamynyň kuwwaty artýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Golaýda berkarar Diýarymyzyň gündogar sebitinde elektrik stansiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Kuwwatlylygy 432 MWt-a deň bolan bu möhüm desga şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Bu elektrik stansiýasy tutuş Merkezi Aziýada iň iri gazturbinaly elektrik stansiýalaryň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda öňden hereket edýän elektrik energetiki desgalary barada gürrüň etmek aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, Garaşsyz Türkmenistanda ilkinji gurlan elektrik stansiýasy hem Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bu desga Seýdi ýylylyk elektrik merkezi bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda bolsa 2-nji energoblogy bilen güýçlendirilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt-a deň boldy. Lebap welaýatynda henize çenli iň kuwwatly elektrik desgasy hökmünde tanalýan Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýanyň kuwwaty 254 MWt-a deňdir. 2014-nji ýylda Çärjew etrabynda açylan «Lebap» Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa, 149,2 MWt-a deňdir. Görşümiz ýaly, diňe Lebap welaýatynda gurlan elektrik desgalaryndan mysal alanymyzda hem ýurdumyzyň energetika kuwwatlylygynyň ýylyň-ýylyna giň g

Döwrebap kärhanada işler ileri

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, demir ýol ulgamyny kämilleşdirmekde hem düýpli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykdysady jähetden bähbitli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, ýolagçy we halk hojalyk ýüklerini gatnatmak boýunça täze ugurlary üpjün edýän halkara polat ýollary gurmak bilen baglanyşykly iri möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň bütindünýä bähbitli tutumly başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkara üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzümleriniň täze ugurlarynyň kemala gelmeginde, sebitiň döwletleriniň arasynda özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda, täze ykdysady giňişligiň we iri möçberli halkara hyzmatdaşlygyň döremeginde, sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde «Demirgazyk — Günorta» halkara polat ýoluna uly orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň demir ýol ulgamyna berýän ünsi netijesinde halkara demir ýoluň ugrundaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demir-ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Bereket şäherindäki 17-nji demir ýol şahamçasynda döwrebaplaşdyryş işleriniň amala aşyrylmagy bu ýerde işleriň ilerlemegine ýardam etdi. Döwrebap kärhanada ýük we ýolagçy wagonlaryny daşaýan teplowozlaryň abatlaýyş işleri häzirki zam

Senagatlaşmak — ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barha giň gerime eýe bolýar. Geçirilýän ykdysady özgertmeler, täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň depginli ösüşinde esasy şertleriň birini emele getirýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, türkmen döwleti ösen senagatly we häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary bolan ýurda öwrülýär. Şeýle özgerişi, ilki bilen, Diýarymyzda ozaldan bar bolan senagat merkezleriniň durkunyň täzelenişinde we bu ugurda täze merkezleriň döredilýändiginde görýäris. Bularyň ählisi döwletimiziň geljekki ösüşlerinde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň senagat pudagynyň has-da pugtalanmagyna getirýär. Mälim bolşy ýaly, senagat pudagynyň, aýratyn hem gaýtadan işleýän senagatyň ösüşi iş orunlarynyň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. Ol bazaryň ösüşine, ýurduň eksport mümkinçiliginiň artmagyna-da ýardam berýär. Ýurduň ykdysady ösüşi bolsa onuň pudaklaryna goýberilýän maýa goýumlary bilen berk baglanyşyklydyr. Islendik pudaga goýberilýän maýa goýumyň başdaky maksadynyň dogry kesgitlenilmegi, onuň özleşdirilişinde ulanylýan usullaryň takyk saýlanylmagy hem-de soňky netijäniň garaşylýan derejede gazanylmagy oňyn ösüşe getirýär. Diýmek, m

Eksport mümkinçilikleri giňeldilýär

Türkmen halky «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dörän pudaklaryň biri hem dokma senagatydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda dokma senagatynyň binýady tutulyp, dokma kärhanalarynyň onlarçasy işe girizildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu pudaga berilýän üns has hem ýokarlandy. Häzirki döwürde iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragy bolup, olarda 24 müňden hem köp adam zähmet çekýär. Şol kärhanalarda öndürilýän önümler dünýä ýurtlarynyň ençemesine eksport edilýär.

Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak baradaky maksatdan ugur alýar. Banklar tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň netijesinde oba hojalyk, senagat önümlerini öndürijiler we hususy telekeçiler önümçiliklerini giňeldýärler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň telekeçileri, hususy önüm öndürijileri döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldanylýar, olara ýeňillikler we netijeli işlemekleri üçin amatly mümkinçilikler döredilýär. Telekeçileri, hususy önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamagyň esasy maksady önümçilige innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmekden, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Eziz Diýarymyzyň ösüşleri

Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeli ugurlaryna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Halk hojalygyny sanly ykdysadyýete geçirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işler maksatnamalaýyn görnüşde maksadalaýyk dowam etdirilýär. Durmuş ulgamynyň durnukly ösüşinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerine giňden daýanylýar. Şunda, ozaly bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sanlylaşdyrmagyň barşynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap ugur alynýandygy halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli, başarjaň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak işinde uly ähmiýete eýedir.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A. Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň kuwwatyny artdyrmagyň ýollary, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri duşuşygyň esasy meseleleri boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň, iri senagat we medeni merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň örän wajypdygy nygtaldy, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. * * *

Senagat kärhanasynyň üstünlikleri

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan iri senagat desgalary ykdysady ösüşleriň ygtybarly binýadydyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan senagat kärhanalarynyň biri-de 2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen «Türkmen aýna önümleri» kärhanasydyr. Senagat toplumynda biri-biri bilen baglanyşykly tehnologik ulgam bolup, ol kwars çägesiniň esasynda çig mal taýýarlamak boýunça bölümden, dürli ölçegdäki we dürli galyňlykdaky aýnalaryň önümçiligi boýunça bölümden, şeýle hem aýnany ýakyp taplaýan bölümden we gaýtadan işleýän hem-de taýýar önümler bölümlerinden ybaratdyr. Türkmenistanda ilkinji gezek ýola goýlan aýna önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasyny düzýär. Häzirki zaman «float» tehnologiýasy esasynda bu ýerde termopolirlenen dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşde öndürilýär.

Bank hyzmatlarynda sanly ulgam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bank ulgamy döwrebap ösüşlere eýe bolýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda bank ulgamynda sanly ulgama geçiş we bank hyzmatlarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak babatynda dünýäniň kämil ulgamlaryndan we gazanylan tejribelerden üstünlikli peýdalanylýar. Sanly özgertmeler bank hyzmatyndan peýdalanmaga isleg bildirýänler üçin döredilýän ýeňillikleri we mümkinçilikleri artdyryp, milli töleg ulgamynyň giň gerimde ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyzdaky banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ýokary hilli we işjeň hereket etmegi üçin ornaşdyrylýan döwrebap tejribeler, esasan-da, hyzmat berýänleriň we alýanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, nagt we nagt däl hasaplaşyklaryň ýokary depginde alnyp barylmagyna we pul dolanyşygynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň elýeterliligi karz edaralarynyň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokarlanyp, hyzmatdaşlygyň berkemegi ýokary derejelere çykýar. Aragatnaşyk ulgamynyň kämil tehnologiýasynyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy bank hyzmatlaryny ösdürmek üçin uzak aralykdan tölegleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Munuň üçin karz edaralary öz müşderilerine döwrebap ykjam telefonlar arkaly tölegleri geçirmäge ýardam

Milli ykdysadyýetimizde innowasiýalar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de, şeý­le hem ylym, bi­lim ul­gam­la­ryn­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­rip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. El­bet­de, is­len­dik ba­bat­da işiň ne­ti­je­li­li­gi we iler­le­me­gi üçin onuň ka­nun­çy­lyk hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ze­rur­dy­gy düş­nük­li. Bu ba­bat­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi in­no­wa­si­ýa taý­dan ös­dür­mek hem-de ony ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýe­tir­mek üçin bir­nä­çe ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry ka­bul edil­di. «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» me­ýil­na­ma­la­ýyn esas­da dur­mu­şa ge­çir­me­giň ne­ti­je­sin­de san­ly gur­şa­wyň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ra giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de ba­zar gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň esa­sy şert­le­ri­niň ugur­la­ry kes­git­le­nen­de, şol ugur­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi döw­le­tiň ösüş­le­ri­ne tä­ze ba­dal­ga bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hor­mat­ly Pr

Beýik ösüşlere beslenýän Diýar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary uly ösüşlere beslenýär, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar, tehniki we tehnologik taýdan düýpli enjamlaşdyrylýar, oba hojalyk önümçiligi dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilýär, täze ýollar, aragatnaşyk ulgamlary gurulýar. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin kuwwatly önümçilik, durmuş we inžener üpjünçilik ulgamynyň berk binýady döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş syýasatynda milli ykdysadyýetimiziň has-da ýokary depginli ösüşini gazanmaga aýratyn üns berilýär. Şunda innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Möhüm işe mynasyp goşant

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazy dünýäde abadan we eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda goýmaga gönükdirilen syýasaty üstünliklere beslenýär. Bu babatda alysdaky Hytaý döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Dostana ýurda türkmen tebigy gazyny ibermek işine «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem netijeli gatnaşýarlar. Müdirligiň gaz känlerinde zähmet çekýän baýlyk çykaryjylar şanly ýylda has ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen dokuz aýynda tebigy gazyň 9 milliard 128 million kub metrden gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 134 göterim berjaý edildi. Baýlyk çykaryjylar gaz kondensatyny öndürmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Hasabat döwründe gymmatly çig malyň 34,3 müň tonnadan gowragy öndürilip, degişli meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi.

Energetika syýasatynyň kanunçylyk binýady

Energiýa üpjünçiligi islendik ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolmak bilen, ähli pudaklaryň kadaly işlemegine uly täsir edýär. Şol sebäpli-de, energetika pudagyny ösdürmek we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak hemmeler üçin möhüm wezipedir. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň energiýa tygşytlylygy, ekologiýa abadançylygy we adamzadyň bagtyýar ýaşaýşynyň beýleki ugurlaryny öz içine alýan asylly başlangyçlary hem uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli kämilleşýär. Sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.

Täze sepgitleri nazarlap

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, hususan-da, türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça Halk Maslahatynyň işiniň ähmiýetini belledi.

Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen berkarar döwletimiz ykdysady taýdan uly ösüşleri başdan geçirýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine çykmagyň iki ugruny — bagtyýarlyk döwrümizde ägirt uly gazananlarymyzy we halkymyzyň öz geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýän ykdysady we ruhy goldawy birleşdirýär. Düýpli özgertmeleriň netijesinde amala aşyrylýan işler milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmegine we ynamly öňe gitmegine ýardam berýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, önümçiligi ösdürmegiň ileri tutulmagynyň, oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň netijesinde içerki önümiň ösüş depgini has-da ýokarlanýar. Gurluşyk işleriniň giň gerime eýe bolmagy bilen, şäherlerimiziň, şäherçelerimiziň, obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar. Döwlet tarapyndan ilata uly durmuş ýeňillikleri berilýär, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem salgyt ulgamy kämilleşdirildi, telekeçilik işini bellige almagyň we ygtyýarlandyrmagyň tertibi ýönekeýleşdirildi. Oba hojalygy, ulag, aragatnaşyk, informasion tehnologiýalary, dürli innowasiýal

Geologiýa pudagynda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler

Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary Gahryman Arkadagymyzyň goldawy esasynda ýurduň ýerasty gurluşyny we onuň baýlyklaryny öwrenmekde, mineral çig mal binýadyny döretmekde, ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy hereket edýän senagat kärhanalarynyň geljekde uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Geologiýa gözleg-barlag işleriniň netijesinde dünýä derejesinde seýrek duş gelýän «Galkynyş», Döwletabat, Ýaşlar, şeýle hem Garabil — Gurrukbil, Zäkli — Derweze, Garajaowlak, başga-da birnäçe gazkondensat ýataklar toplumy soňky onýyllyklarda barlanyldy we üsti açyldy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen seýsmiki barlag işleriniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň amala aşyran çuň buraw işleriniň netijesinde Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Uzynada gazkondensat ýatagynyň üsti açyldy.