Gatnaşyklaryň möhüm ugurlary

22 Oktýabr 2021
1027

Öňňin Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistandaky we ÝB-däki makroykdysady ýagdaýlar aýratyn gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag ulgamlarynda we söwdada hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemek duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Şu maksat bilen taraplar tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar.

* * *

«Aşgabat».