Eziz Diýarymyzyň ösüşleri

21 Oktýabr 2021
1014

Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeli ugurlaryna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Halk hojalygyny sanly ykdysadyýete geçirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işler maksatnamalaýyn görnüşde maksadalaýyk dowam etdirilýär. Durmuş ulgamynyň durnukly ösüşinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerine giňden daýanylýar. Şunda, ozaly bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sanlylaşdyrmagyň barşynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap ugur alynýandygy halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli, başarjaň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak işinde uly ähmiýete eýedir.

Döwran ALLABERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.