Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

21 Oktýabr 2021
964

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A. Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň kuwwatyny artdyrmagyň ýollary, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri duşuşygyň esasy meseleleri boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň, iri senagat we medeni merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň örän wajypdygy nygtaldy, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *