Energetika syýasatynyň kanunçylyk binýady

18 Oktýabr 2021
1049

Energiýa üpjünçiligi islendik ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolmak bilen, ähli pudaklaryň kadaly işlemegine uly täsir edýär. Şol sebäpli-de, energetika pudagyny ösdürmek we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak hemmeler üçin möhüm wezipedir. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň energiýa tygşytlylygy, ekologiýa abadançylygy we adamzadyň bagtyýar ýaşaýşynyň beýleki ugurlaryny öz içine alýan asylly başlangyçlary hem uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli kämilleşýär. Sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.