Sanly tehnologiýalara daýanyp

22 Oktýabr 2021
951

Hormatly Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde, berkarar Diýarymyz sanlyja ýylyň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. Şunda ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini has-da giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bank edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenýän dürli görnüşli töleg kartlarynyň sany, hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlanýar.

Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan hödürlenen döwrebap hyzmatlaryň biri hem amatly we bähbitli «Cash-back» bank hyzmatydyr. «Cash-back» bank hyzmaty — bu halkara tejribesinde soňky wagtlarda uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda kartyň eýesine eden her bir söwda ýa-da hyzmat ulgamlarynda harçlan pulunyň möçberine baglylykda, bellenilen göterimde yzyna töleg geçirilýär.

Gunça SULTANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.