Geologiýa pudagynda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler

18 Oktýabr 2021
863

Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary Gahryman Arkadagymyzyň goldawy esasynda ýurduň ýerasty gurluşyny we onuň baýlyklaryny öwrenmekde, mineral çig mal binýadyny döretmekde, ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy hereket edýän senagat kärhanalarynyň geljekde uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Geologiýa gözleg-barlag işleriniň netijesinde dünýä derejesinde seýrek duş gelýän «Galkynyş», Döwletabat, Ýaşlar, şeýle hem Garabil — Gurrukbil, Zäkli — Derweze, Garajaowlak, başga-da birnäçe gazkondensat ýataklar toplumy soňky onýyllyklarda barlanyldy we üsti açyldy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen seýsmiki barlag işleriniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň amala aşyran çuň buraw işleriniň netijesinde Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Uzynada gazkondensat ýatagynyň üsti açyldy.

Arslan ANNAMYRADOW,
«Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy.