Döwrebap kärhanada işler ileri

22 Oktýabr 2021
1091

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, demir ýol ulgamyny kämilleşdirmekde hem düýpli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykdysady jähetden bähbitli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, ýolagçy we halk hojalyk ýüklerini gatnatmak boýunça täze ugurlary üpjün edýän halkara polat ýollary gurmak bilen baglanyşykly iri möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň bütindünýä bähbitli tutumly başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkara üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzümleriniň täze ugurlarynyň kemala gelmeginde, sebitiň döwletleriniň arasynda özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda, täze ykdysady giňişligiň we iri möçberli halkara hyzmatdaşlygyň döremeginde, sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde «Demirgazyk — Günorta» halkara polat ýoluna uly orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň demir ýol ulgamyna berýän ünsi netijesinde halkara demir ýoluň ugrundaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demir-ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Bereket şäherindäki 17-nji demir ýol şahamçasynda döwrebaplaşdyryş işleriniň amala aşyrylmagy bu ýerde işleriň ilerlemegine ýardam etdi. Döwrebap kärhanada ýük we ýolagçy wagonlaryny daşaýan teplowozlaryň abatlaýyş işleri häzirki zaman kompýuterleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».