"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Islegli önümler desterhanlarda

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegi netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy yzygiderli ýokarlanýar. Bereketli topragymyzda öndürilýän dürli önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini aňryýany bilen ödeýän sanawy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çalt depginlerde giňeýär. Sahawatly topragymyz gyşyn-ýazyn al-ýaşyl öwüsýär, ýer eýeleriniň yhlasly zähmeti netijesinde bolsa zerur bolan önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygy emele gelýär. Mundan sähelçe wagt ozal hem saçaklarymyzda gök önümlerdir miweleri ýylyň kesgitli möwsüminde gören bolsak, häzir olary ýylyň bütin dowamynda görmedik günlerimiz juda seýrek bolýandyr. Şeýle bolçulygyň döredilmegine Dänew etrabynyň babadaýhanlary hem uly goşant goşýarlar. Etrapda daýhan birleşikleriniň 11-si we önüm öndürijileriň müňlerçesi gök-bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Olaryň tagallasy bilen şu ýylda ýazlyk ýeralma 350, sogan bolsa 80 gektar meýdanda ýetişdirilýär. Ýeralmanyň hasyly eýýäm ýygnalyp başlandy. Etrabyň ekerançylary 4900 tonna ýeralma ýygnamaga borçlanan bolsalar, eýýäm şonuň 2600 tonnadan gowragy ilata ýetirildi. Şu ýyl ekilen ýazlyk soganyň hasyly hem sanlyja günlerden ýygnalyp ugrar. Onuň 2000 tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Şu günlerde geçen ýylyň güýzünde ekilen soganyň hasyly hem ýygnalyp, ilatyň saçagyna hödürlenilýär. «Mekan» daýhan birl

Oba hojalyk habarlary

Ekinler ygtybarly goralýar Häzirki wagtda güýzlük bugdaýlara ösüş suwuny tutmak, olary himiki usulda zyýan berijilerden, hapa-haşal otlardan, dürli kesellerden goramak işi alnyp barylýar. Şonda bugdaý meýdanlaryna zerur serişdeler sepilýär. Etrap boýunça her günde 250 gektara golaý ýere hapa-haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeler, 200 gektardan gowrak ýere ýaprakdan iýmitlendirmek üçin mikrodökünler sepilýär. Bu iş etrabyň «Akgala», «Derýalyk», «Täzegüýç», «Kyrkgyz», «Maslahat» daýhan birleşiklerinde ýokary derejede barýar. Işleriň talabalaýyk geçirilişine etrap Ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleri, daýhan birleşikleriniň agronomlary berk gözegçilik edýärler. Ähli ideg işleriniň öz wagtynda ýokary hilli alnyp barylmagy netijesinde bugdaýlar kadaly hasyl toplaýarlar. Munuň özi etrabymyz boýunça 17500 gektar ýerden 31700 tonna galla öndürmäge şert döredýär.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Ajaýyp döwrümizde oba hojalykçylarymyza toprakdan bol hasyl alyp, halal zähmet bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Şol şertleriň netijesinde welaýatymyzyň edermen gallaçylary 130 müň gektar ýerde ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Şu günler bugdaýly meýdanlarda dördünji ösüş suwuny tutmak işleri hem tamamlandy. Ekinler ösüşiniň dowamynda fosfor, karbamid we ammiak selitrasy bilen doly üpjün edildi.

Oba hojalygy: belent sepgitler nazarlanýar

Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşi, zähmetsöýer halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşy täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň düýp mazmunyny, esasy maksadyny kesgitleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alyp, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini berkitmäge, daýhan birleşiklerini we hojalyklaryny, hususyýetçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini durnukly artdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Uly möçberdäki sürümli ekerançylyk meýdanyna eýe bolan ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün edýän döwlete öwrülmeginde toprak bilen bagry badaşan hakyky ýer eýeleriniň agzybirlikli zähmeti ilkinji şertleriň biridir. Häzirki wagtda ajaýyp döwrümiziň möhüm aýratynlygyna öwrülen oýlanyşykly oba hojalyk özgertmeleri daýhany höweslendirmäge, ahyrky netijede bolsa, ýeriň hakyky eýelerini tapmaga gönükdirilendir. ªunuň ýaly anyk maksatlary öz içine alýan özgertmelerde her bir daýhanyň bähbitlerini durmuşa geçirmegiň täsirli ulgamyny kemala getirmekde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuşy we öndürijilikli, döredijilikli işlemegi üçin döredilýän has oňaýly şert-mümkinçilikleriň üpjün edilmeginde aýdyň görünýär.

Sahawatly toprak – halkymyzyň baýlygy

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Pileçileriň saldamly goşandy

Ak bugdaý etrabynyň pileçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýüpekçilikde ýokary görkezijilere beslemek hyjuwy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Häzirki jogapkärli möwsümde etrabyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pileçi daýhanlarynyň zähmet göreldesi nusga alarlykdyr. Agzalan Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pileçileri üstümizdäki ýylda hem möwsüme taýýarlykly gelip, 130 gap ýüpek gurçugyny ilkinji günlerden talabalaýyk idetdiler. Işlerini sazlaşykly we utgaşykly alyp baran pileçileriň ideden ýüpek gurçuklary irki möhletde kadaly saryma durdy. Şeýlelikde, hojalykda köpçülikleýin pile saramaga girişildi we oňyn netije gazanyldy.

Sahawatly topragyň berekedi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ony düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumyny ösüşiň belent derejesine çykarmak babatda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyly öndürilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda pagtaçy, gallaçy, gök ekerançy daýhanlarymyz, bagbanlarymyz gaýratly zähmet çekýärler. Şanly ýylymyzda 690 müň gektarda galla ýetişdirip, şonça meýdandan guşgursak ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnasyny ýygnamagy maksat edinýän Watanymyzyň gallaçy daýhanlary häzirki günlerde ekiniň idegini talabalaýyk ýetirmek bilen, däne oragyna ykjam taýýarlyk görýärler. Pagtaçy daýhanlarymyz 580 müň gektarda gowaça ekişini geçirip, kadaly gögeriş gazandylar hem-de şu günler gögeriş suwuny, hatarara bejergi, ýekelemek, otag işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Tehnikalar bökdençsiz işledilýär

Daşoguzyň «Altyn asyr» Türkmen köl gurluşyk dolanyşygyna daşary ýurtdan satyn alnan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň 14-si berildi. Täze gelip gowşan dürli kysymly ekskawatorlar, buldozerler welaýatyň çar ýanynda alnyp barylýan ýer gazmak, meýdanlary tekizlemek, akabalary giňeltmek ýaly suw-gurluşyk işlerinde netijeli ulanylýar. Häzirki wagtda agzalan düzümiň işçileri ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň şoruny ýuwmak çärelerini utgaşykly geçirýärler. Sebitiň suw hojalyk ulgamynda mynasyp orny eýeleýän bu dolanyşyga täze berlen ekskawatorlaryň 9-sy, buldozerleriň hem 5-si şeýle çäreleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine ýardam edýär. Daşoguzyň «Altyn asyr» Türkmen köl gurluşyk dolanyşygynyň topar ýolbaşçysy Baýram Gazakow möhüm möwsümiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde suw hojalykçylaryň alyp barýan işleri barada şeýle gürrüň berdi:

«Tüýs pa­law­dyr, bu pa­law» diý­di­ren şa­ly

Şu gün­ler Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da oba ho­ja­ly­gy­nyň mö­hüm möw­sü­mi bo­lan şa­ly eki­şi dep­gin­li do­wam ed­ýär. De­mir­ga­zyk se­bit­de ýe­tiş­di­ril­ýän şa­ly­dan «Da­şo­guz tü­wü­si» ady bi­len meş­hur bo­lan ýo­ka­ry hi­lli tü­wi ön­dü­ril­ýär. We­la­ýa­tyň top­rak, ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, 25-nji ap­rel­den 20-nji ma­ýa çen­li şa­ly ek­mek üçin amat­ly gün­ler ha­sap­la­nyl­ýar. Gym­mat­ly azyk­lyk önü­mi bo­lan şa­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de da­şo­guz­ly şa­ly­çy­la­ryň hyz­ma­ty ulu­dyr. We­la­ýa­tyň şa­ly­çy­la­ry Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hem şa­ly­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Şu ýyl we­la­ýat­da 8100 gek­tar­dan gow­rak meý­dan­da şa­ly ekip, on­dan 35 müň ton­na ha­syl al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Borç­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bol­sa, we­la­ýa­tyň S.Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hem-de «27-nji okt­ýabr» daý­han bir­le­şik­le­ri­niň pa­ýy­na düş­ýär. Et­ra­byň daý­han bir­le­şik­le­ri­niň şa­ly meý­dan­la­ryn­da ýer­li top­rak, ho­wa şert­le­rin­de şa­ly­nyň bol ha­syl ber­ýän «Müň­baş», «Nö­küs-2», «Elen­ga», «Be­re­ket» ýa­ly gör­nüş­le­ri ekil­ýär. Bu­lar şa­ly­çy­ly­gyň köp­ýyl­lyk sy­na­gyn­dan ge­çen, özü­niň ýo­ka­ry ha­syl­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan gör­nüş­ler­idir­. Olar­dan ön­dü­ril­ýän tü­wi hi­li hem-de ta­ga­my bi­len ta­pa­wut­la­n

Özbegistanda alçanyň eksporty artýar

Özbegistanyň Kuwa etrabyndaky daýhanlardyr bagbanlar şu ýyl daşary ýurda 5,5 million amerikan dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdiler. Onuň 2,2 million amerikan dollarlygy alça miwesidir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür. Alça, esasan-da, Koreýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Belarus Respublikasyna, şeýle-de Azerbaýjana iberilýär. Kuwa etrabynda 6650 gektar bag bolup, onuň 950 gektaryndaky baglar kärendeçi daýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Meýdanyň 350 gektaryny bolsa alça bagy tutýar.

Jogapkärli möwsümiň aladalary

Ýüpekçileriň yhlasy Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti beýleki ugurlar bilen bir hatarda, pileçilikde hem ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Munuň şeýle bolmagyna tejribeli ýüpekçileriň köp sanlysy mynasyp goşant goşýarlar.

Ýüpekçileriň zähmet ýeňşi

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri uly zähmet ýeňşini gazandylar. Watan harmanyna pile tabşyrmak baradaky borçnama abraý bilen berjaý edildi. Welaýatyň ýüpekçileriniň häzire çenli taýýarlan pilesi, 1010 tonna derek , 1060 tonnadan hem geçdi. Şu ýyl ýüpek gurçugyny idedip, pile ýetişdirmek işine welaýatyň ýüpekçileriniň 21 müňden gowragy gatnaşdy. Möwsümiň başyndan welaýat häkimligi, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary tarapyndan «Ussat ýüpekçi» atly zähmet bäsleşigi yglan edildi. Ýüpekçileriň öz işini göwnejaý alyp barmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen berjaý edilendigine garamazdan, Watan harmanynyň «kümüşsöw çäjine» senagat üçin gymmatly çig mal ýene-de gelip gowuşýar.

Ýer gadyryn daýhan biler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda üstünlikli dowam etdirilýän oýlanyşykly özgertmeler, öňde goýulýan wezipeler anyk maksatlara gönükdirilendir. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ilatynyň azyk üpjünçiligini yzygiderli berkitmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň agrosenagat pudagyny ösdürmekde öňe sürýän anyk başlangyçlary ylmyň gazananlaryny gadymy daýhançylyk däplerimiz bilen sazlaşykly utgaşdyrmakda wajyp ähmiýetlidir. Pudakda alnyp barylýan döwletli tutumlar ene toprakda bereketli hasyl ösdürip ýetişdirýän ýer eýelerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Oba hojalygynda ýetilýän belent sepgitlere mynasyp goşant goşmakda babadaýhanlarymyzyň ýylyň-ýylyna gazanýan üstünlikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyz topragy mukaddeslige deňeýär. Çünki bereketli topragymyz ýylda iki-üç gezek hasyl berýär. Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekanynyň hut türkmen topragy bolmagy-da halkymyzy örän buýsandyrýar. Bu gün halal zähmetiň miwesine iň uly baýlyk hökmünde garaýan türkmen daýhany ýerden bol hasyl almagyň lezzetine guwanýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp, bugdaý, pagta, gant şugundyry, şaly, ýeralma bilen birlikde, miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja hem-de beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek esasy wezipeleriň hataryna degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň tabşy

Oba hojalygy

Ýüpekçileriň yhlasly zähmeti Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köneürgenç etrabynyň ýüpekçileri 40 tonna pile taýýarlamak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Bu babatda «Galkynyş» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Şu ýyl bu daýhan birleşiginiň pileçi kärendeçileriniň 36-sy 36 guty ýüpek gurçugyny idedýär.

Şaly ekişi guramaçylykly barýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi welaýatymyzda şalyçylyga ýöriteleşdirilen iri hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary şaly ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribä eýe. Olar şu ýyl hem 4750 gektar ýerde bu gymmatly azyklyk ekini ekip, Watan harmanyna 20500 tonna şaly tabşyrmagy özlerine borç edinýärler. Bu asylly maksat ugrunda daýhan birleşiginiň şalyçylary yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Biz bu hojalykda alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda, muňa aýdyň göz ýetirdik. — Şalynyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin şalyçy kärendeçilerimiz hünärmenler, mehanizatorlar bilen bilelikde ýere irginsiz zähmet siňdirýärler. Şalyny ekmegiň we onuň idegini ýetirmegiň öz aýratynlyklary bar. Şonuň üçin çuň sürüm geçirilen ýerleri endigan tekizlemek ekişiň ilkinji talaplarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda daýhan birleşigimiziň ýerlerinde sürüm we tekizleme işleri alnyp barylýar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly sürüm traktorlaryna erk edýän mehanizatorlary Tirkeş Satlykow, Şerip Kakajanow, Hoşgeldi Annaýew, Nobatgeldi Taýew, Şamyrat Amangulyýew, Ýagmyr Durdyýew dagy bu çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin aladalanýarlar. Olaryň her biri günde 12 — 15 gektar ýerde sürüm we şonça ýerde tekizleme işlerini amala aşyrýarlar. Şaly tohumy sepilmezden öň, her gektar ýeri 200 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid

Galla — 2023

Bugdaý — halkyň rysgaly Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bu ugurda oňyn netijelerini beren özgertmeleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Indi ak bazarlarymyza barsaň özümizde öndürilen azyk önümleriniň agdyklyk edýändigine göz ýetirýärsiň.

Miweli baglar

Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň ekinlerden bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Biziň etrabymyzyň daýhanlarydyr bagbanlary hem ýylyň-ýylyna miweli baglaryň bereketli hasylyny almagy başaryp gelýärler. Esasan hem, etrabymyzyň «Nowbahar» daýhan birleşigi öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. «Nowbahar» daýhan birleşigi boýunça 139 gektar meýdanda dürli miweli agaçlara ideg edilýär. Bu ýerde, esasan-da, erik, alma, üzüm, armyt, garaly nahallary ekilip, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg edilýär, eýeçilik gözi bilen seredilýär. Daýhan birleşigi boýunça kärendeçileriň 122-si bilen şertnama baglaşyp, olaryň arasynda Bahtyýar Dosjanow, Mirzabek Kabulow we Bahtyýar Şaripow has-da yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň köp ýyllardan bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýändikleri we miweleriň gowy hasylyny alyp, başgalara-da görelde bolmagy başarýandyklary barada «Nowbahar» daýhan birleşiginiň agronomy Ermat Eşmetow gürrüň berýär.

Pile harmany beýgelýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 1250 guty gurçuk tohumyny örüzip, şondan 50000 tonna ýokary hilli pile öndürmegi özlerine baş maksat edinen Baýramaly etrabynyň ýüpekçileri şu günler gyzgalaňly pursady başdan geçirýärler. Möwsümiň bütin dowamynda ter tut ýapraklary bilen üpjün edilip, talabalaýyk iýmitlendirilen, arassa jaýlarda saklanyp, kada laýyk howasynyň çalşylyp durulmagy we beýleki zerur şertleriň döredilmegi ýüpek gurçuklarynyň köpçülikleýin saryma girip, özlerine gowy ideg edýän ýüpekçi kärendeçileri begendirdi. Sarym döwründäki baý iş tejribesine eýerip, edilen aladalar bolsa, bol hasyllylygy bilen guwandyrdy. Häzir welaýatyň beýleki etraplarynyň birnäçesi bilen bilelikde bu ýerde-de pile kabul etmek işi gyzgalaňly dowam edýär. Her günde ep-esli mukdardaky önüm etrabyň pile kabul ediş kärhanasyna tabşyrylýar. Piläniň bol hasylyny kemala getirip, ýüpekçileriň arasynda her guty gurçuk tohumyndan 50 – 60 kilogram kümüş çäji gapana goýýanlar az däl. Şeýle ýüpekçileriň onlarçasyny özünde jemleýän «Mekan», Agaýusup adyndaky, «Täze durmuş» daýhan birleşikleri pile tabşyrmakda köplere nusga alarlyk iş bitirýärler. Meýilnamalaryny has artykmajy bilen berjaý edenler bolsa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we beýleki iri jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýarlar.

Milli ekerançylyk medeniýeti: eýýamlaryň taryhy baglanyşygy

Taryh ylmynyň kesgitlemegine görä, gadymy adamlar daş asyrynda tebigatyň goýnunda ösýän ýabany ekinleriň hasylyny ýygnamak bilen, ösümlikleridir miweleri ýörite ekip-bejerip, hasyl ýetişdirmäge — ekerançylyga geçenlerinde, ilki bilen, düme ekerançylygyny kemala getiripdirler. Ýörite ýygnalan tohumlary tebigy ýagdaýda ýagyş-gar suwlary bilen suwarylan amatly ýerlere ekip ugrapdyrlar. Iň soňunda-da suwarymly ekerançylyk kemala gelipdir. Şu maksatlarda gadymy adamlar ýaplardyr akabalary gazmak, ýerasty suwlary kärizler arkaly jemlemek we pese akdyrmak arkaly ekerançylyk etmegiň özboluşly usullaryny döredipdirler. Şol bir wagtda ekerançylykda peýdalanylýan zähmet gurallary döräpdir we asyrlarboýy kämilleşdirilipdir. Şoňa görä-de, gadymy ýaplar we aryklar, guýular we kärizler, nowalar we jykyrlar ýaly suwaryş desgalary we enjamlary, oba hojalyk gurallarynyň milli nusgalary, önümleri gaýtadan işlemegiň gadymy tehnologiýalary we zähmet gurallary hem halkymyzyň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň maddy subutnamalarydyr. Oragyň «ot orak», «tut orak», «meýmürçe orak», «üzüm orak», «sokma orak», «ýülmek orak», «aňňal orak», «maňňal orak», «çalgy orak» (dişsiz, uzyn saply), «sogan orak», «segment orak», «ýylan diş orak», «byçgy diş orak» ýaly milli görnüşleriniň döredilmegi pederlerimiziň ussat daýhan bolandyklaryndan habar berýär.

Sagdyn köşekler alyndy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň daýhan birleşiklerinde düýeleriň baş sanyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Düýelerden sagdyn köşekleri almak, ýaş mallaryň ýitgisine ýol bermezlik maldarlaryň baş aladalarynyň biridir. Etrabyň öz işine yhlasly maldarlary bu ugurda netijeli işleýärler. Olar meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli amala aşyryp, häzirki döwre çenli etrap boýunça 786 köşek almagy başardylar. Maldarlaryň arasynda ýaşajyk sagdyn köşekleri almakda tapawutlanýan sarwanlar näçe diýseň bar. Olardan Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginden Ýolaman Annaorazow, Garýagdy Popaýew, Garaşsyzlyk adyndaky daýhan birleşiginden Şageldi Saparow, Meretgeldi Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Sähet Gurbanow meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Garagumuň «Mydar», «Goşakak», «Gyzyltakyr», «Boýurganly», «Aňkar» diýen öri meýdanlarynda düýe bakýan bu sarwanlar ýaş mallaryň oňat ösmegi we ýaz otuna bol ýaýlalarda mallaryň aga-ýana ýazlamagyny gazanmak üçin olara yhlas bilen seredýärler.