«Tüýs pa­law­dyr, bu pa­law» diý­di­ren şa­ly

14 Maý 2023
345

Şu gün­ler Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da oba ho­ja­ly­gy­nyň mö­hüm möw­sü­mi bo­lan şa­ly eki­şi dep­gin­li do­wam ed­ýär. De­mir­ga­zyk se­bit­de ýe­tiş­di­ril­ýän şa­ly­dan «Da­şo­guz tü­wü­si» ady bi­len meş­hur bo­lan ýo­ka­ry hi­lli tü­wi ön­dü­ril­ýär. We­la­ýa­tyň top­rak, ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, 25-nji ap­rel­den 20-nji ma­ýa çen­li şa­ly ek­mek üçin amat­ly gün­ler ha­sap­la­nyl­ýar. Gym­mat­ly azyk­lyk önü­mi bo­lan şa­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de da­şo­guz­ly şa­ly­çy­la­ryň hyz­ma­ty ulu­dyr. We­la­ýa­tyň şa­ly­çy­la­ry Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hem şa­ly­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Şu ýyl we­la­ýat­da 8100 gek­tar­dan gow­rak meý­dan­da şa­ly ekip, on­dan 35 müň ton­na ha­syl al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Borç­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bol­sa, we­la­ýa­tyň S.Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hem-de «27-nji okt­ýabr» daý­han bir­le­şik­le­ri­niň pa­ýy­na düş­ýär. Et­ra­byň daý­han bir­le­şik­le­ri­niň şa­ly meý­dan­la­ryn­da ýer­li top­rak, ho­wa şert­le­rin­de şa­ly­nyň bol ha­syl ber­ýän «Müň­baş», «Nö­küs-2», «Elen­ga», «Be­re­ket» ýa­ly gör­nüş­le­ri ekil­ýär. Bu­lar şa­ly­çy­ly­gyň köp­ýyl­lyk sy­na­gyn­dan ge­çen, özü­niň ýo­ka­ry ha­syl­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan gör­nüş­ler­idir­. Olar­dan ön­dü­ril­ýän tü­wi hi­li hem-de ta­ga­my bi­len ta­pa­wut­la­nyp, hal­kyň ara­syn­da ýo­ka­ry is­leg­den peý­da­lan­ýar. S.Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hem-de «27-nji okt­ýabr» daý­han bir­le­şik­le­ri­niň şa­ly­çy­la­ry bol ha­sy­ly ýe­tiş­dir­mek­de tej­ri­be ba­ry­ny ga­za­nan daý­han­lar­dyr­lar. Şa­ly­çy­ly­ga ýö­ri­te­leş­di­ri­len S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gin­de şu ýyl­da 4750 gek­tar meý­da­na şa­ly ekip, 20 müň 500 ton­na, «27-nji okt­ýabr» daý­han bir­le­şi­gin­de bol­sa 3350 gek­tar meý­dan­dan 14 müň 500 ton­na ha­sy­la ga­ra­şyl­ýar. Şa­ly ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de baý tej­ri­bä eýe bo­lan et­ra­byň şa­ly­çy­la­ry eki­şi öz wag­tyn­da we ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk ge­çir­mek­de yh­las­ly iş­läp, her gün ýüz­ler­çe gek­tar meý­dan­da ekiş ge­çir­ýär­ler. Möw­sü­miň her bir gü­nü­ni ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re bes­le­ýän şa­ly­çy­la­ryň çek­ýän gaý­rat­ly zäh­me­ti­ni gö­re­niň­de, ola­ryň öň­de goý­lan borç­na­ma­ny ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne bo­lan yna­myň art­ýar.

We­la­ýat­da ýo­ka­ry hil­li tü­wi ön­dür­mä­ge hem-de şa­ly­nyň to­hum­çy­lyk işi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň S.Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da 2015-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­len, şa­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek üçin ni­ýet­le­nen döw­re­bap kär­ha­nanyň şa­ly­nyň ýyl­da 30 müň ton­na­sy­ny gaý­ta­dan iş­läp, ýo­ka­ry hil­li tü­wi we tü­wi önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bar. Şun­da 30 müň ton­na şa­ly ha­sy­ly­ny sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te ele­wa­tor bo­lup, on­da daý­ha­nyň alyn de­ri we ir­gin­siz zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ri­len ha­syl yg­ty­bar­ly sak­lan­ylýar. Bu ýer­de ýo­ka­ry hil­li şa­ly to­hum­la­ry­nyň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Kär­ha­na ekiş möw­sü­min­de şa­ly­çy kä­ren­de­çi­le­ri to­hum bi­len do­ly üp­jün ed­ýär. Şu ýyl şa­ly eki­şi möw­sü­mi üçin 1782 ton­na­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li şa­ly to­hu­my taý­ýar­lan­yl­dy. Döw­re­bap en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan bar­lag­ha­na bö­lü­mi bu ýer­de ön­dü­ril­ýän tü­wi­niň, taý­ýar­la­nyl­ýan şa­ly to­hu­my­nyň hi­li­ni ta­kyk bar­la­ma­ga do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Şähribossan ÖWEZOWA,
žurnalist, Daşoguz welaýaty.