Milli ekerançylyk medeniýeti: eýýamlaryň taryhy baglanyşygy

9 Maý 2023
457

Taryh ylmynyň kesgitlemegine görä, gadymy adamlar daş asyrynda tebigatyň goýnunda ösýän ýabany ekinleriň hasylyny ýygnamak bilen, ösümlikleridir miweleri ýörite ekip-bejerip, hasyl ýetişdirmäge — ekerançylyga geçenlerinde, ilki bilen, düme ekerançylygyny kemala getiripdirler. Ýörite ýygnalan tohumlary tebigy ýagdaýda ýagyş-gar suwlary bilen suwarylan amatly ýerlere ekip ugrapdyrlar. Iň soňunda-da suwarymly ekerançylyk kemala gelipdir. Şu maksatlarda gadymy adamlar ýaplardyr akabalary gazmak, ýerasty suwlary kärizler arkaly jemlemek we pese akdyrmak arkaly ekerançylyk etmegiň özboluşly usullaryny döredipdirler. Şol bir wagtda ekerançylykda peýdalanylýan zähmet gurallary döräpdir we asyrlarboýy kämilleşdirilipdir. Şoňa görä-de, gadymy ýaplar we aryklar, guýular we kärizler, nowalar we jykyrlar ýaly suwaryş desgalary we enjamlary, oba hojalyk gurallarynyň milli nusgalary, önümleri gaýtadan işlemegiň gadymy tehnologiýalary we zähmet gurallary hem halkymyzyň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň maddy subutnamalarydyr.

Oragyň «ot orak», «tut orak», «meýmürçe orak», «üzüm orak», «sokma orak», «ýülmek orak», «aňňal orak», «maňňal orak», «çalgy orak» (dişsiz, uzyn saply), «sogan orak», «segment orak», «ýylan diş orak», «byçgy diş orak» ýaly milli görnüşleriniň döredilmegi pederlerimiziň ussat daýhan bolandyklaryndan habar berýär.

Arslan TÖREKULOW,
TKA-nyň Lebap welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.