Islegli önümler desterhanlarda

17 Maý 2023
323

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegi netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy yzygiderli ýokarlanýar. Bereketli topragymyzda öndürilýän dürli önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini aňryýany bilen ödeýän sanawy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çalt depginlerde giňeýär.

Sahawatly topragymyz gyşyn-ýazyn al-ýaşyl öwüsýär, ýer eýeleriniň yhlasly zähmeti netijesinde bolsa zerur bolan önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygy emele gelýär. Mundan sähelçe wagt ozal hem saçaklarymyzda gök önümlerdir miweleri ýylyň kesgitli möwsüminde gören bolsak, häzir olary ýylyň bütin dowamynda görmedik günlerimiz juda seýrek bolýandyr. Şeýle bolçulygyň döredilmegine Dänew etrabynyň babadaýhanlary hem uly goşant goşýarlar. Etrapda daýhan birleşikleriniň 11-si we önüm öndürijileriň müňlerçesi gök-bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Olaryň tagallasy bilen şu ýylda ýazlyk ýeralma 350, sogan bolsa 80 gektar meýdanda ýetişdirilýär. Ýeralmanyň hasyly eýýäm ýygnalyp başlandy. Etrabyň ekerançylary 4900 tonna ýeralma ýygnamaga borçlanan bolsalar, eýýäm şonuň 2600 tonnadan gowragy ilata ýetirildi. Şu ýyl ekilen ýazlyk soganyň hasyly hem sanlyja günlerden ýygnalyp ugrar. Onuň 2000 tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Şu günlerde geçen ýylyň güýzünde ekilen soganyň hasyly hem ýygnalyp, ilatyň saçagyna hödürlenilýär. «Mekan» daýhan birleşigi boýunça güýzlük soganyň 200 tonnadan gowragy ýygnaldy. Diňe bir «Bagtyýarlyk şemaly» daýhan hojalygynyň güýzlük soganyň 19 gektaryndan ýygnan hasyly 475 tonna barabar boldy. Bu bolsa etrabyň oba hojalygynda hususyýetçiligiň hem üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Hususyýetçiler eşretli ýaşaýşyň özeni bolan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar tarapyndan ýyladyşhanalarda zerur bolan gök-bakja önümleri ýetişdirilýär, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynda önümler öndürilýär, önümleri gaýtadan işleýän kärhanalar döredilýär. Bu bolsa bazarlarymyzdaky häzirki bolçulygy döredýän esasy çeşmelerdir. Etrabyň önümçilik görkezijileri pes bolan daýhan birleşikleriniň 4-siniň ekerançylyk meýdanlarynyň önüm öndürijilere paýlanylyp berilmegi hem önümleriň bolçulygynyň döredilmegine oňyn täsirini ýetirip başlady.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.