Tehnikalar bökdençsiz işledilýär

16 Maý 2023
432

Daşoguzyň «Altyn asyr» Türkmen köl gurluşyk dolanyşygyna daşary ýurtdan satyn alnan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň 14-si berildi. Täze gelip gowşan dürli kysymly ekskawatorlar, buldozerler welaýatyň çar ýanynda alnyp barylýan ýer gazmak, meýdanlary tekizlemek, akabalary giňeltmek ýaly suw-gurluşyk işlerinde netijeli ulanylýar. Häzirki wagtda agzalan düzümiň işçileri ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň şoruny ýuwmak çärelerini utgaşykly geçirýärler. Sebitiň suw hojalyk ulgamynda mynasyp orny eýeleýän bu dolanyşyga täze berlen ekskawatorlaryň 9-sy, buldozerleriň hem 5-si şeýle çäreleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Daşoguzyň «Altyn asyr» Türkmen köl gurluşyk dolanyşygynyň topar ýolbaşçysy Baýram Gazakow möhüm möwsümiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde suw hojalykçylaryň alyp barýan işleri barada şeýle gürrüň berdi:

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).