Sagdyn köşekler alyndy

9 Maý 2023
525

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň daýhan birleşiklerinde düýeleriň baş sanyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Düýelerden sagdyn köşekleri almak, ýaş mallaryň ýitgisine ýol bermezlik maldarlaryň baş aladalarynyň biridir. Etrabyň öz işine yhlasly maldarlary bu ugurda netijeli işleýärler. Olar meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli amala aşyryp, häzirki döwre çenli etrap boýunça 786 köşek almagy başardylar.

Maldarlaryň arasynda ýaşajyk sagdyn köşekleri almakda tapawutlanýan sarwanlar näçe diýseň bar. Olardan Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginden Ýolaman Annaorazow, Garýagdy Popaýew, Garaşsyzlyk adyndaky daýhan birleşiginden Şageldi Saparow, Meretgeldi Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Sähet Gurbanow meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Garagumuň «Mydar», «Goşakak», «Gyzyltakyr», «Boýurganly», «Aňkar» diýen öri meýdanlarynda düýe bakýan bu sarwanlar ýaş mallaryň oňat ösmegi we ýaz otuna bol ýaýlalarda mallaryň aga-ýana ýazlamagyny gazanmak üçin olara yhlas bilen seredýärler.

Ogulmaral SÖÝÜNOWA,
TKA-nyň Bäherden etrap birleşmesiniň işgäri.