Şaly ekişi guramaçylykly barýar

10 Maý 2023
460

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi welaýatymyzda şalyçylyga ýöriteleşdirilen iri hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary şaly ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribä eýe. Olar şu ýyl hem 4750 gektar ýerde bu gymmatly azyklyk ekini ekip, Watan harmanyna 20500 tonna şaly tabşyrmagy özlerine borç edinýärler. Bu asylly maksat ugrunda daýhan birleşiginiň şalyçylary yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Biz bu hojalykda alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda, muňa aýdyň göz ýetirdik.

— Şalynyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin şalyçy kärendeçilerimiz hünärmenler, mehanizatorlar bilen bilelikde ýere irginsiz zähmet siňdirýärler. Şalyny ekmegiň we onuň idegini ýetirmegiň öz aýratynlyklary bar. Şonuň üçin çuň sürüm geçirilen ýerleri endigan tekizlemek ekişiň ilkinji talaplarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda daýhan birleşigimiziň ýerlerinde sürüm we tekizleme işleri alnyp barylýar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly sürüm traktorlaryna erk edýän mehanizatorlary Tirkeş Satlykow, Şerip Kakajanow, Hoşgeldi Annaýew, Nobatgeldi Taýew, Şamyrat Amangulyýew, Ýagmyr Durdyýew dagy bu çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin aladalanýarlar. Olaryň her biri günde 12 — 15 gektar ýerde sürüm we şonça ýerde tekizleme işlerini amala aşyrýarlar. Şaly tohumy sepilmezden öň, her gektar ýeri 200 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid döküni bilen iýmitlendirýäris. Bu işleri ýerine ýetirmekde daýhan birleşigimiziň mehanizatorlary Kakageldi Kakabaýew, Sapargeldi Täçmedow, Toýlymyrat Täçmedow dagy şalyçy daýhanlarymyza ýakyndan ýardam berýärler. Şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2» ýaly ýokary hasylly görnüşleriniň birkemsiz bişip ýetişmegi üçin daýhan birleşigimiziň şaly ekiljek ýerleriniň aglaba böleginde irki ekişi amala aşyrmagy maksat edinýäris — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Begenç Kyşşanow söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.