Ýer gadyryn daýhan biler

11 Maý 2023
385

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda üstünlikli dowam etdirilýän oýlanyşykly özgertmeler, öňde goýulýan wezipeler anyk maksatlara gönükdirilendir. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ilatynyň azyk üpjünçiligini yzygiderli berkitmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň agrosenagat pudagyny ösdürmekde öňe sürýän anyk başlangyçlary ylmyň gazananlaryny gadymy daýhançylyk däplerimiz bilen sazlaşykly utgaşdyrmakda wajyp ähmiýetlidir. Pudakda alnyp barylýan döwletli tutumlar ene toprakda bereketli hasyl ösdürip ýetişdirýän ýer eýelerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Oba hojalygynda ýetilýän belent sepgitlere mynasyp goşant goşmakda babadaýhanlarymyzyň ýylyň-ýylyna gazanýan üstünlikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Halkymyz topragy mukaddeslige deňeýär. Çünki bereketli topragymyz ýylda iki-üç gezek hasyl berýär. Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekanynyň hut türkmen topragy bolmagy-da halkymyzy örän buýsandyrýar. Bu gün halal zähmetiň miwesine iň uly baýlyk hökmünde garaýan türkmen daýhany ýerden bol hasyl almagyň lezzetine guwanýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp, bugdaý, pagta, gant şugundyry, şaly, ýeralma bilen birlikde, miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja hem-de beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek esasy wezipeleriň hataryna degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin iri şäherleriň golaýynda ýyladyşhanalary köpeltmek, olarda gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.