Oba hojalyk habarlary

17 Maý 2023
412

Ekinler ygtybarly goralýar

Häzirki wagtda güýzlük bugdaýlara ösüş suwuny tutmak, olary himiki usulda zyýan berijilerden, hapa-haşal otlardan, dürli kesellerden goramak işi alnyp barylýar. Şonda bugdaý meýdanlaryna zerur serişdeler sepilýär. Etrap boýunça her günde 250 gektara golaý ýere hapa-haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeler, 200 gektardan gowrak ýere ýaprakdan iýmitlendirmek üçin mikrodökünler sepilýär. Bu iş etrabyň «Akgala», «Derýalyk», «Täzegüýç», «Kyrkgyz», «Maslahat» daýhan birleşiklerinde ýokary derejede barýar. Işleriň talabalaýyk geçirilişine etrap Ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleri, daýhan birleşikleriniň agronomlary berk gözegçilik edýärler. Ähli ideg işleriniň öz wagtynda ýokary hilli alnyp barylmagy netijesinde bugdaýlar kadaly hasyl toplaýarlar. Munuň özi etrabymyz boýunça 17500 gektar ýerden 31700 tonna galla öndürmäge şert döredýär.