"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýol abat — il abat

Ýol hereketinde howpsuzlygy üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýollaryň asudalygyny, abatlygyny gorap saklamak bütin dünýäde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň üçin awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygy üçin herekete gatnaşýan her bir adamyň ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny dogry berjaý etmegi hökmanydyr. Haýsy bir iş ýerine ýetirilende, ony ulag serişdesiz göz öňüne getirmek kyn. Ýurdumyzda ulag serişdeleriniň sanynyň gün-günden köpelmegi bilen köçelerimizdäki hereketlerem çylşyrymlaşýar. Awtoulag serişdeleriniň gatnawlarynyň ýygjamlaşmagy ýollarda herekete gatnaşýan sürüjilerden we pyýadalardan örän hüşgär bolmagy talap edýär. Emma käbir sürüjiler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine biperwaý garaýarlar, geleňsizlige ýol berýärler. Bu bolsa herekete gatnaşyjy beýleki sürüjiler hem-de pyýadalar üçin dürli howply ýagdaýlaryň döremegine getirýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, esasan, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň özlerini alyp baryşlaryna, ýol hereketiniň kadalaryny dogry bilip, dogry berjaý edişlerine bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň ýollarynda bolup geçýän ýol-ulag hadysalarynyň köpüsi sürüjileriň säwligi bilen döreýär. Sürüjiler serhoş ýa-da ýadaw ýagdaýda öz ulaglaryny bellenilen tizlik kadasyndan ýokary sürüp, ýol hereketiniň kadalaryna boýun bolman, ýol-ulag hadysalaryny ýüze çykarýarlar. Ine, şeý

«Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde»

18-nji maýda ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň baýramçylyk dabaralary giň gerim aldy. Şol gün sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançasy hem köp adamly boldy. Bu baýramçylyk dabarasyna Arkadag şäheriniň häkimliginiň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Myhmanlaryň «akylly» şähere gezelenji

Geçen şenbe güni Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara maslahatlara, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjy myhmanlar ekologiýa taýdan arassa hem-de sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine geldiler. Myhmanlar, ilki bilen, «akylly» şäheriň günortasyndaky «Akhan» binasynyň gurluşy bilen tanyş boldular. Soňra «akylly» şäheriň beýleki ýerlerine baryp gördüler. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar ajaýyp şäheriň iň gözel ýerleriniň biri bolan Taryhy-medeni seýilgähe hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler.

Aşgabat şäheriniň gününe

Paýtagtymyz — ak bagtymyz Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleri, halkara gatnaşyklaryndaky üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, medeniýetiň we täze özgerişleriň rowaçlyklary, parahatçylygyň hem ylalaşykly hyzmatdaşlygyň çuň ähmiýeti gözel paýtagtymyz Aşgabadyň durkunda öz beýanyny tapýar. Häzirki gülläp ösüşleri başdan geçirýän döwrümizde Aşgabat halkara ähmiýetli ulag geçelgesiniň, sebitiň iň iri medeni, syýasy, ykdysady we söwda, maliýe-senagat, ylym, halkara gepleşikleriň, maslahatlaryň geçirilýän we dünýäde parahatçylygy goramak boýunça ylalaşyklaryň gazanylýan merkezi hökmünde şöhratlanýar.

Hepdäniň habarlary

Döwürleriň hem köňülleriň çyragy Golaýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy mynasybetli, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guran «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi täsirli pursatlara baý boldy.

Şany dünýä dolan söz ussady

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde täze taryhy eýýamda toýlar toýlara ulaşýar. Ata Watanymyzyň taryhynda möhüm wakalara, şanly senelere beslenýän 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegi her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň uly dabaralara beslenen günlerinde akyldar şahyryň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly sowgatlyk kitabyň neşir edilmegi hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Ruhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň bähbidine

Şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary taryhy pursatlara baý boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde «Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, onda eden taryhy çykyşy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary bilen geçirilen bu foruma 80-den gowrak döwletiň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz forumdaky çykyşynda birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu forumda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň düýpli öwrenilýändigini we akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyny nygtady. Yslam dünýäsinde akyldar şahyryň goşgularynyň ähmiýeti hem-de doganlyk halklar tarapyndan beýik söz ussadyna g

Türkmen halysynyň baýramyna

Ýaşaýyş hakynda aýdym Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uly dabaralara beslenip bellenilip geçilýär. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan türkmen halysyna, halyçylyk sungatyna, ony şeýle kämil derejelere ýetiren gelin-gyzlara belent sarpanyň nyşanydyr.

Şuglazar täji-tagtymyz — toý-baýramly paýtagtymyz

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary merjen şäherimiz Aşgabadyň keşbinde hem özboluşly şöhlelenýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolsa şanly ýylymyzyň ýatdan çykmajak taryhy wakasyna öwrüldi. Akyldar şahyryň bu belent başly ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda açylmagy hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu künjek ýakyn wagtlarda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Gür baglyga, suw çüwdürimlerine beslenen ajaýyp seýilgähiň çäginde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ençemesiniň ýadygärlik heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bu künjegiň häsiýetli aýratynlygydyr. Bu ýerde Alyşir Nowaýy, Fýodor Dostoýewskiý, Wilýam Şekspir, Onore de Balzak, Iogan Wolfgang fon Gýote, Çingiz Aýtmatow ýaly edebiýat dünýäsiniň ägirtleriniň çeper keşbi seýilgähe gelýänlere egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz taga

Halk bähbitli beýik işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň islendik künjegine göz aýlanyňda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işleriň guwandyryjy netijelerini görmek bolýar. Halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýar ýaşaýşyny nazarlaýan köpugurly maksatnamalaryň netijesinde bu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyzda medeni-durmuş, önümçilik maksatly binadyr desgalaryň ençemesi yzygiderli gurulýar. Mälim bolşy ýaly, beýleki rowaç ýyllar deýin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aýdylanlara mysal hökmünde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň, Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyrlaryny, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasyny görkezmek bolar. Häzirki zamanyň ösen innowasion tehnologiýalary, döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, bagtyýar raýatlarymyz hakynda ed

Aziýanyň merjeni — ösüşleriň merkezi

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynyň gözbaşynda eziz Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşini has-da ilerletmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bolelinlikde ýaşamagyny gazanmak ugrundaky çäksiz tagallalar durýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini sazlaşykly ösdürmek, ýerlerde durmuş, medeni, iri önümçilik maksatly desgalary gurmak bilen bagly amala aşyrylýan ägirt uly işler bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadymyz beýik ösüşler bilen dabaralanýar.

Ajaýyp binagärligiň serweri

Berkarar döwletimiziň, ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Paýtagtymyzda gurulýan desgalar özboluşly binagärlik toplumyny emele getirip, olaryň biri-biri bilen sazlaşmagy Aşgabadyň nurana keşbiniň ajaýyp aýratynlygydyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň milli öwüşginli ajaýyp keşbine özboluşly gözellik bolup goşulýan bezeg binalary döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelip, olarda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri aýdyň beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, häzirki türkmen döwletiniň belent ruhuny we kuwwatyny hem dabaralandyrýar. Aşgabadyň dünýä nusgalyk şäherdigini äleme aýan edýär.

Ösüşleriň möhüm düzümi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini nazarda tutup, ondan ýerlikli we netijeli peýdalanmagyň ähmiýetine uly baha berýär. Olar barada döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir» diýip, örän adalatly belledi. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň biziň sebitimizden geçendigine gojaman taryh şaýatdyr. Şol şöhratly ýol Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary arkaly täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Sanlyja ýyllarda ýurdumyzda kämil ýol-ulag düzümi döredildi. Milli Liderimiziň bu röwşen ýörelgesine hormatly Prezidentimiziň ynam bilen eýerýändigi guwandyrýar. Şonuň netijesinde döwrebap ýollar arkaly möhüm ýükler barha köp möçberlerde daşalýar, ýolagçylaryň gatnawy yzygiderli artýar. Hut biziň şäherimizde ýerleşýän kuwwatly kärhanalardan hem ýurdumyzyň çägine we daşary ýurtlara gymmatly harytlar üznüksiz ugradylýar. Biz şol ýükleriň a

Mukaddes borç

Özleriniň göreldeli gulluklary bilen tapawutlanýan serhetçi gerçekler barada söz açylanda, polkownik Atajan Orunowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň harby gullukçylary — uly leýtenant Aman Çaryýewiň, esger ýigitler Babamurad Abdullaýewiň, Begmyrat Baýramowyň, Rejep Rejepowyň, Nursähet Jotdyýewiň, Guwanç Togtamyşowyň, şeýle-de maýor Polat Hudaýberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň çagyryş boýunça harby gullukçylary esgerler Kakajan Döwranowyň, Gadam Aganazarowyň atlaryny hem buýsanç bilen agzasymyz gelýär. Çünki bu harby gullukçylar dost-doganlyk serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde ýokary söweşjeň taýýarlyklaryny, başarjaňlyklaryny görkezip, ähli esger ýoldaşlaryna görelde bolmagyň hötdesinden gelýärler we tapawutly gulluklary üçin mynasyp baha eýe bolýarlar. Serhet çäkleriniň mizemezligini berkitmekde göreldeli gullugy bilen tapawutlanan uly leýtenant Aman Çaryýewiň II derejeli «Ussat serhetçi» atly döşe dakylýan nyşan, şeýle-de ýokarda ady agzalan esgerleriň ählisiniň Hormat hatlary bilen sylaglanylmagy, olaryň gulluklaryna berlen mynasyp baha bolup, ähli harby gullukçylarda hem jogapkärli borçlaryny üstünliklere beslemäge ruhlandyrdy.

Akyldary hormatlap

Ýaňy-ýakynda maýor Mämedin Garakişiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen bagly wagyz-nesihat duşuşygy, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Oňa halypa serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Medeni çärede gullugymyzyň weteranlary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy işleri, nusgawy şahyrymyzyň gymmatly eserleriniň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdiler. Ýaş esgerlerimiziň akyldar şahyrymyzyň halkymyzyň mertligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, şahandazlygy hakdaky şygyrlaryny milli sazlarymyzyň ýaňlanmagynda edebi-çeper kompozisiýa görnüşinde ýerine ýetirmekleri hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy. Ylham MUHYÝEW,maýor.

Ylham ýodasyndan ýöräp messana, biz bu gün tagzyma geldik, Pyragy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýlary goşa-goşadan gelýär. 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara, diýseň, uly ruhubelentlige, çäksiz buýsanja we joşguna beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy ýurdumyzyň raýatlaryna we daşary ýurtly myhmanlara gujagyny giňden açdy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran ýadygärliginiň, şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gözelligi dabara gatnaşyjylary haýrana goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň söz ussadynyň ýadygärliginiň binýadynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan hem-de Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» şygryndan setirleriň şöhlelendirilmegi buýsanjymyzy goşalandyrdy. Ýadygärligiň daş-töweregini gurşap alan ajaýyplyklar — dürli öwüşginli çyralar, al-elwan öwsüp oturan güller türkmen tebigatynyň gözelligi bilen sazlaşyp, ýüreklere mähir-muhabbet, joşgunly ylham paýlaýar. Medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon G

Aşyklaryň şäheri

Göz guwanjymyz, dillerimiziň senasyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabady taryp etmäge sözlerim ejiz gelýär. Tarypy tükenmez paýtagtymyzy ençeme ussat şahyrlarymyz, aýdymçylarymyz, kompozitorlarymyz, suratkeşlerimiz öz eserlerinde giňden wasp edipdirler. Uly joşgun bilen döredilen şol şygyrlar, aýdymdyr sazlar, surat eserleri mirasymyzyň bahasyna ýetip bolmajak altyn hazynasyna öwrüldi. Görmäge göz, tarypyna söz gerek diýdirýän Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiz bu gün dünýäniň dostluk merkezine öwrüldi. Ady kalbymyzda aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabada gündizlerine asman şalygyndaky güneşiň ýalkymy düşüp, ony ak nuruna dolasa, ak mermerli bu gözel şäher gijelerine yşyklaryň ýagtysyna lowurdap, göýä lagly-göwhere beslenen ýaly bolýar. Suw çüwdürimleriniň täsin sesi, al-elwan gülleriň bark urýan ysy, seýilgählerde nagma kakýan guşlaryň owazy, adamlaryň ýylgyryşy — bularyň barysy birleşip, alnyňda gözellik we bagt diýen belent keşbi emele getirýär. Çünki, Aşgabat aşyklaryň şäheridir.

Merjen şäherim

Paýtagtym sen, baş bagtym sen, Merjen şäherim — Aşgabat.

25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni

Ak mermerli Aşgabat bu gün diňe bir eziz ýurdumyzyň halkyny däl, eýsem, ol özüniň gözelligi, täsin binagärlik keşbi, täze belent jaýlary, gurluşyklaryň gerimi, durmuş maksatly binalaryň oýlanyşykly ýerleşişi bilen daşary ýurtlardan gelen myhmanlary hem haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň has gözel künjekleriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi merjen Aşgabadymyzyň ösüşindäki örän uly üstünlikleriň we gazanylanlaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Paýtagtymyzy ösdürmekdäki bahasyna ýetip bolmajak işleri, eziz Watanymyzyň şäher gurluşygyna goşan uly goşandy üçin Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrar.

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýy barha artýar. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlar halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Toý-baýramlara beslenýän Diýarymyzda halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ykjam taýýarlyk görýär. Bu bolsa beýik söz ussadynyň edebi mirasyna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýany bolup şöhlelenýär. Gözel Diýarymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ösüş-özgerişler bizi hem öz işimizde has tutanýerli, yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmak biziň kalbymyza şatlyk duýgusyny eçilýär.