Aşyklaryň şäheri

22 Maý 2024
313

Göz guwanjymyz, dillerimiziň senasyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabady taryp etmäge sözlerim ejiz gelýär. Tarypy tükenmez paýtagtymyzy ençeme ussat şahyrlarymyz, aýdymçylarymyz, kompozitorlarymyz, suratkeşlerimiz öz eserlerinde giňden wasp edipdirler. Uly joşgun bilen döredilen şol şygyrlar, aýdymdyr sazlar, surat eserleri mirasymyzyň bahasyna ýetip bolmajak altyn hazynasyna öwrüldi.

Görmäge göz, tarypyna söz gerek diýdirýän Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiz bu gün dünýäniň dostluk merkezine öwrüldi. Ady kalbymyzda aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabada gündizlerine asman şalygyndaky güneşiň ýalkymy düşüp, ony ak nuruna dolasa, ak mermerli bu gözel şäher gijelerine yşyklaryň ýagtysyna lowurdap, göýä lagly-göwhere beslenen ýaly bolýar. Suw çüwdürimleriniň täsin sesi, al-elwan gülleriň bark urýan ysy, seýilgählerde nagma kakýan guşlaryň owazy, adamlaryň ýylgyryşy — bularyň barysy birleşip, alnyňda gözellik we bagt diýen belent keşbi emele getirýär. Çünki, Aşgabat aşyklaryň şäheridir.

Beýleki habarlar