Ylham ýodasyndan ýöräp messana, biz bu gün tagzyma geldik, Pyragy!

22 Maý 2024
276

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýlary goşa-goşadan gelýär. 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara, diýseň, uly ruhubelentlige, çäksiz buýsanja we joşguna beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy ýurdumyzyň raýatlaryna we daşary ýurtly myhmanlara gujagyny giňden açdy.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran ýadygärliginiň, şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gözelligi dabara gatnaşyjylary haýrana goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň söz ussadynyň ýadygärliginiň binýadynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan hem-de Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» şygryndan setirleriň şöhlelendirilmegi buýsanjymyzy goşalandyrdy. Ýadygärligiň daş-töweregini gurşap alan ajaýyplyklar — dürli öwüşginli çyralar, al-elwan öwsüp oturan güller türkmen tebigatynyň gözelligi bilen sazlaşyp, ýüreklere mähir-muhabbet, joşgunly ylham paýlaýar. Medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alişir Nowaýy ýaly dünýä edebiýatynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Beýleki habarlar