Şuglazar täji-tagtymyz — toý-baýramly paýtagtymyz

22 Maý 2024
287

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary merjen şäherimiz Aşgabadyň keşbinde hem özboluşly şöhlelenýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolsa şanly ýylymyzyň ýatdan çykmajak taryhy wakasyna öwrüldi.

Akyldar şahyryň bu belent başly ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda açylmagy hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu künjek ýakyn wagtlarda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Gür baglyga, suw çüwdürimlerine beslenen ajaýyp seýilgähiň çäginde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ençemesiniň ýadygärlik heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bu künjegiň häsiýetli aýratynlygydyr. Bu ýerde Alyşir Nowaýy, Fýodor Dostoýewskiý, Wilýam Şekspir, Onore de Balzak, Iogan Wolfgang fon Gýote, Çingiz Aýtmatow ýaly edebiýat dünýäsiniň ägirtleriniň çeper keşbi seýilgähe gelýänlere egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy merjen şäherimiziň Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy, dost-doganlyk merkezi hökmündäki abraý-mertebesini ýene bir gez beýgeldýän ajaýyp seýilgähdir.

Ogulsuraý MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
Beýleki habarlar