Ýol abat — il abat

22 Maý 2024
348

Ýol hereketinde howpsuzlygy üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýollaryň asudalygyny, abatlygyny gorap saklamak bütin dünýäde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň üçin awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygy üçin herekete gatnaşýan her bir adamyň ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny dogry berjaý etmegi hökmanydyr.

Haýsy bir iş ýerine ýetirilende, ony ulag serişdesiz göz öňüne getirmek kyn. Ýurdumyzda ulag serişdeleriniň sanynyň gün-günden köpelmegi bilen köçelerimizdäki hereketlerem çylşyrymlaşýar. Awtoulag serişdeleriniň gatnawlarynyň ýygjamlaşmagy ýollarda herekete gatnaşýan sürüjilerden we pyýadalardan örän hüşgär bolmagy talap edýär. Emma käbir sürüjiler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine biperwaý garaýarlar, geleňsizlige ýol berýärler. Bu bolsa herekete gatnaşyjy beýleki sürüjiler hem-de pyýadalar üçin dürli howply ýagdaýlaryň döremegine getirýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, esasan, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň özlerini alyp baryşlaryna, ýol hereketiniň kadalaryny dogry bilip, dogry berjaý edişlerine bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň ýollarynda bolup geçýän ýol-ulag hadysalarynyň köpüsi sürüjileriň säwligi bilen döreýär. Sürüjiler serhoş ýa-da ýadaw ýagdaýda öz ulaglaryny bellenilen tizlik kadasyndan ýokary sürüp, ýol hereketiniň kadalaryna boýun bolman, ýol-ulag hadysalaryny ýüze çykarýarlar. Ine, şeýle ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeýän sürüjiler öz janlaryna, galyberse-de, beýleki adamlaryň janlaryna-da howp salýarlar. Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hemmämiziň borjumyzdyr.

Röwşen ATAÝEW,
Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň PÝGB-niň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar