Mukaddes borç

22 Maý 2024
288

Özleriniň göreldeli gulluklary bilen tapawutlanýan serhetçi gerçekler barada söz açylanda, polkownik Atajan Orunowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň harby gullukçylary — uly leýtenant Aman Çaryýewiň, esger ýigitler Babamurad Abdullaýewiň, Begmyrat Baýramowyň, Rejep Rejepowyň, Nursähet Jotdyýewiň, Guwanç Togtamyşowyň, şeýle-de maýor Polat Hudaýberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň çagyryş boýunça harby gullukçylary esgerler Kakajan Döwranowyň, Gadam Aganazarowyň atlaryny hem buýsanç bilen agzasymyz gelýär. Çünki bu harby gullukçylar dost-doganlyk serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde ýokary söweşjeň taýýarlyklaryny, başarjaňlyklaryny görkezip, ähli esger ýoldaşlaryna görelde bolmagyň hötdesinden gelýärler we tapawutly gulluklary üçin mynasyp baha eýe bolýarlar.

Serhet çäkleriniň mizemezligini berkitmekde göreldeli gullugy bilen tapawutlanan uly leýtenant Aman Çaryýewiň II derejeli «Ussat serhetçi» atly döşe dakylýan nyşan, şeýle-de ýokarda ady agzalan esgerleriň ählisiniň Hormat hatlary bilen sylaglanylmagy, olaryň gulluklaryna berlen mynasyp baha bolup, ähli harby gullukçylarda hem jogapkärli borçlaryny üstünliklere beslemäge ruhlandyrdy.

Baýram ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar