Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

22 Maý 2024
442

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýy barha artýar. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlar halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Toý-baýramlara beslenýän Diýarymyzda halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ykjam taýýarlyk görýär. Bu bolsa beýik söz ussadynyň edebi mirasyna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýany bolup şöhlelenýär.

Gözel Diýarymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ösüş-özgerişler bizi hem öz işimizde has tutanýerli, yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmak biziň kalbymyza şatlyk duýgusyny eçilýär.

Beýleki habarlar